DÜNÝÄ
1 minut okamak
BMG: Mart aýyndan bäri Gazada 600-e golaý çaga öldürildi
UNRWA sebitdäki ynsanperwer krizisiň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri iň erbet derejä ýetendigini aýdýar.
BMG: Mart aýyndan bäri Gazada 600-e golaý çaga öldürildi
Gaza
April 21, 2025

UNRWA geçen aýdan bäri Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde 600 töweregi çaganyň ölendigini habar berdi.

ÝUNISEF-iň duşenbe güni çap eden maglumatyna esaslanyp UNRWA, Ysraýylyň 18-nji martda hüjümlerini ýaňadandna başladanyndan bäri şeýle hem 1600-den gowrak çaganyň ýaralanandygyny aýtdy.

UNRWA: "Gaza zolagyndaky ynsanperwer krizis 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri iň erbet derejä ýetdi" diýdi.

18-nji martda Gaza garşy guraýan elhenç hüjümleirni ýaňadandan başladan Ysraýylyň goşuny, şol günden bäri 1864 adamy öldürdi, takmynan 4900 adamy ýaralady. Şol hüjümler ýanwar aýynda güýje giren ýaraşyk we ýesir çalşygy ylalaşygyna garamazdan amala aşyryldy. Ysraýylyň Gazada 2023-nji ýylyň oktýabar aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde aglabasy çagalardan we zenanlardan ybarat 51200-den gowrak palestinaly ýogaldy.

Halkara Jenaýat Kazyýet geçen ýylyň noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu we ýurduň ozalky Goranmak ministri Ýoaw Gallant barada Gazadaky harby jenaýatlar we adamzada garşy jenaýat aýyplamalary bilen tussag edilmekleri barada karar çykardy.

Ysraýyl mundan başgada sebitdäki uruş sebäpli Halkara Adalat diwanynda genosid delosy bilen ýüzbe-ýüzdir.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us