Gazada ylalaşyk: Ynjyk umyt
Syýasat
4 minut okamak
Gazada ylalaşyk: Ynjyk umytBu rehimsiz söweş takmynan 47,000 palestinalynyň ölmegine, millionlarça adamyň öýlerinden göçmegine we Gazadaky infrastrukturanyň düýbünden ýok edilmegine sebäp boldy. Ýöne indi hakykatdanam tamamlandymy?
March 4, 2025

Ysraýylyň hüjümleri 15 aýdan gowrak wagt bäri Gazanyň esasy bölegini ýer bilen ýegsan etdi. Bu rehimsiz söweş takmynan 47,000 palestinalynyň ölmegine, millionlarça adamyň öýlerinden göçmegine we Gazadaky infrastrukturanyň düýbünden ýok edilmegine sebäp boldy. Ýöne indi hakykatdanam tamamlandymy?

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Ysraýyl bilen Palestinanyň söweşjeň hereketi Hamasyň arasynda ok atyşygy bes etmek hakynda ylalaşyk yglan edildi. Bu ylalaşygyň maksady sebitleýin çaknyşyklary hemişelik bes etmekden ybaratdyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Kataryň we Müsürüň araçylyk etmeginde geçirilen birnäçe aý dowam eden gepleşiklerden soň ok atyşygy bes etmek hakyndaky ylalaşyk 2024-nji ýylyň 19-njy ýanwaryndan başlap resmi taydan güýje girdi.

Eýsem taraplar nämäni kabul etdiler? Bu ylalaşyk Palestinanyň geljegi üçin nämäni aňladýar?

Bu bölümde, ABŞ-nyň ozalky prezidenti Jo Baýdeniň 2024-nji ýylyň maý aýynda hödürlän teklibine esaslanýan ylalaşygyny jikme-jik seljereris. Berlen wadalary, näbellilikleri we ylalaşygyň getirjek netijelerine ser salarys. Netijede bolsa, bu ok atyşygy bes etmegiň hakyky parahatçylyga ýola goýup goýmajakdygyny ýa-da Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleriniň diňe täze bir tapgyrynyň başlamagyna sebäp bolup bolmajakdygyny kesgitlemäge synanyşarys.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli müňlerçe palestinaly öýlerini terk etmeli boldy. Indi bolsa, Gazanyň demirgazygyna özbaşdak gaýdyp başladylar. Kenarýakada uzap gidýän Al-Reşid köçesini bilen yza dolanmaga başladylar. Daşyndan seredeniňde ylalaşygyň dokuzynjy gününde sebitde durmuş ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşýan ýaly.

Emma bu, Ysraýyl bilen Hamasyň gol çeken ilkinji ylalaşygy däl. 2024-nji ýylyň maý aýynda-da taraplar çaknyşyklary bes etmek barada ylalaşypdylar. Ilki bada täze ylalaşyk ozalkylara meňzeýän ýaly. Ýöne jikme-jik seredenimizde möhüm tapawutlary görmek bolýar.

Geliň ilki ozalky ylalaşykdan bäri üýtgemedik nokatlar bilen başlalyň. Sebäbi köp meňzeşlik bar:
Iki ylalaşyk hem ynsanperwer meseleleri öňe sürýär we uzak wagtlap dowam eden söwe şertlerinde galan parahat ilatyň şertlerini ýeňilleşdirmäge gönükdirilýär. Ylalaşyklaryň esasy maddalary adamlaryň durmuşyny halas etmegi we sebiti gaýtadan dikeltmegi maksat edinýär.

Ilkinji nobatda, tussaglaryň we ýesirleriň çalşygy bar.

Iki ylalaşyk hem ýesirleriň we tussaglaryň çalşygyny möhüm mesele hasaplaýar. Bu soňky ylalaşykda ýesirleriň we tussaglaryň bellenen tertipde boşadylmagy göz öňünde tutulýar.

Ylalaşyk üç esasy tapgyrdan ybarat.
Ilkinji tapgyrda, 42 günläp Ysraýyl takmynan 1,900 palestinaly tussagy boşadar. Ilkinji nobatda zenanlara, çagalara we garrylar ilkinji nobatda boşadylar. Şol bir wagtyň özünde Hamas hem 33 ysraýylly ýesiri tapgyrlaýyn boşadar.

Häzirki wagta çenli Ysraýyl 300-den gowrak palestinaly tussagy boşatdy. Olaryň arasynda Ysraýylyň türmelerinde iň uzak saklanan palestinaly tussag bolan Muhammet al-Tus hem bar. 1985-nji ýylda tussag edilen Al-Tus Ysraýylyň pozisiýalaryna hüjüm guramakda aýyplanyp, ömürboýy azatlykdan mahrum edilipdi.

Geliň indi bolsa, ynsanperwer kömek meselesine sel salalyň.


Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gaza birnäçe aý bäri agyr gumanitar çökgünligi başdan geçirýär. Infrastruktura düýbünden ýumruldy we kömek tiz wagtda ýetirilmeli. Şonuň üçin iki ylalaşyk hem azyk, lukmançylyk serişdeleri we ýangyç bilen üpjün üpjünçiligi ileri tutýar.

Ok atyşygy bes etmegiň ilkinji tapgyrynda, her gün ýüzlerçe kömek ulaglary Gaza barar.

Ysraýyl esgerleriniň tapgyrlaýyn yza çekilmegi

Iki ylalaşyk hem Ysraýyl esgerleriniň Gazanyň iň gür ilatly ýerlerinden tapgyrlaýyn çykmagyny göz öňünde tutýar. Ol, dartgynlygy azaltmak we ynsanperwer kömek işleriniň depgininiň ýokarlanmagy üçin möhüm başlangyçdyr.

Ysraýyl esgerleri Gazanyň merkezi etraplaryndan çekiler, ýöne serhetlerde galmaga dowam ederler. Hususan-da, Günorta Gazadaky Rafah gümrük geçelgesinde we Filadelfi koridorynda ornaşarlar.

Ikinji tapgyr, birinji tapgyrdan 16 gün soň başlar we Ysraýyl harby güýçleri 50-nji güne çenli doly yzyna çekiler.

Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi


Mekdepler, hassahanalar we ýaşaýyş jaýlary täzeden gurulmaly. Iki ylalaşyk hem Gazanyň gaýtadan dikeldilmegine uly ähmiýet berýär.

Ýöne bu ýeňil iş däl—Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 42 million tonnadan gowrak harabalyk emele geldi.
Giň gerimli täzeden gurmak prosesine Müsür, Katar we BMG öňbaşçylyk eder. Ol birnäçe ýyl dowam eder.

Indi 2025-nji ýylyň ýanwarynda gazanylan ylalaşyk bilen 2024-nji ýylyň maý aýynda gazanylan ylalaşygyň tapawutly taraplaryna ser salalyň.

Ysraýylyň harby pozisiýalary indi has anyk.
2024-nji ýylyň maý aýyndaky ylalaşykda Ysraýyl esgerleriniň nirede ornaşjakdygy näbellidi. Emma 2025-nji ýylyň ýanwarynda gazanylan ylalaşykda ol kesgitlenildi.

Şeýle-de, tussag çalşygy üçin kesgitlenen düzgünler has takyklaşdyryldy.

Eýsem bu ylalaşyk Palestinanyň geljegi üçin nämäni aňladýar?
Bu ylalaşyk Ysraýylyň hüjümlerini bes etmegi, Gazadaky gumanitar krizisi ýeňilleşdirmegi we uruşda weýran bolan sebiti täzeden gurmagy maksat edinýär.

Emma parahatçylyga barýan ýol entek uzak.

Bu başlangyç, azyndan umyt döredýar. Eýsem durnukly parahatçylygy üpjün edip bilermi? Heniz belli däl.

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us