SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Hindistanyň Pakistana garşy başladan hüjümlerini utandyryjy hökmünde häsýetlendirdi
BMG Hindistanyň Pakistana garşy başladan raketaly hüjümlerine “örän alada bildirýändigi” barada duýduryş berdi we “Dünýä Hindistan-Pakistan urşuny göterip bilmez” diýdi.
Tramp Hindistanyň Pakistana garşy başladan hüjümlerini utandyryjy hökmünde häsýetlendirdi
7 мая 2025 г.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Hindistanyň Pakistan bilen başyndan geçirýän çaknyşyklaryny “utandyryjy” hökmünde häsýetlendirdi we ýadro ýaraglaryna eýe bolan 2 goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlygyň “örän tiz wagtda” bes edilmegini umyt edýändigini belledi.

Sişenbe güni Ak Tamda metbugat işgärleri bilen gürrüňdeş bolan Tramp: “Bu utandyryjy. Ol barada Owal ofise giren mahalymyz habarymyz boldy. Meniň pikirimçe, adamlar haýsydyr bir geçmişe esaslanyp bir zadyň boljakdygyny bilýärdiler. Uzak wagtdan bäri söweşýärdiler. Aslyna garanyňda siziň hem bilşiňiz ýaly, olar onlarça ýyllap özara söweşýärdiler. Tiz wagtda gutarar diýip umyt edýärin” diýdi.

BMG: Hindistanyň Pakistana garşy guran raketaly hüjümlerine 'gaty alada bildirýändigini' aýtdy

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterrişiň metbugat sekretary sişenbe güni beren beýanatynda, Hindistanyň Pakistanyň territoriýasynda 9 aýry nokada hüjüm gurandygyny aýtmagyndan birnäçe sagat soň, Hindistanyň Pakistana garşy harby hüjümlerine “örän alada bildirýändigini” habar berdi.

Türkiyäniň diplomatik çeşmelerine görä, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen pakistanly kärdeşi Ishak Dar arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginde Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ak Tamda geçirlen metbugat ýygnagyndan, birnäçe minut öň Hindistanyň goşuny Pakistanda we Pakistanyň gözegçiligindäki Jammu-Kaşmirdäki ýerleri nyşana alýan “Sindoor operasiýasy” ady bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Pakistanyň resmileri Pakistanyň günortasyndaky Penjap welaýatyna we Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Kaşmiriň käbir ýerlerine raketalar bilen hüjüm gurandygyny we biri çaga bolmak bilen asuda ilatdan 3 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Harby Jenaýat

Pakistanyň goşunynyň metbugat sekretary general-leýtenant Ahmed Şerif Çaudri çarşenbe güni irden beren beýanatynda: "Mundan birnäçe wagt öň gorkak duşman Hindistan Bahwalpuryň Ahmed Esat sebitindäki Subhanullah metjidine, Kotli we Muzaffarabad bolmak bilen üç ýere howa hüjümler gurady" diýdi.

Pakistanyň Premýer ministri Şahbez Şerif X hasabyndan beren beýanatynda hüjümleri “harby jenaýat” hökmünde häsýetlendirip, ýazgardy.

Şahbaz Şerif: "Pakistan Hindistan tarapyndan mejbur edilen bu söweş hereketine ýerlikli jogap bermäge hukugy bar we ýerlikli jogap berilýär" diýdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us