Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi duşenbe güni beren beýanatynda, Tähranyň “kabul ederliksiz” diýip häsýetlendiren ABŞ-nyň teklibine jogap berip, Eýranyň ýakyn wagtda Omanyň üsti bilen ABŞ-a ýadro ylalaşygy üçin tapawutly teklip hödürlejekdigini habar berdi.
Eýranly diplomat ABŞ-nyň teklibiniň Eýranyň territoriýasynda urany baýlaşdyrmak, ähli baýlaşdyrylan urany daşary ýurda ibermek we sanksiýalaryň ýatyrylmagy baradaky düşünişmezçilikleri çözüp bilmändigini aýtdy.
Ismail Bekaýi: “"ABŞ-nyň teklibi biziň üçin kabul ederliksiz. Bu öňki gepleşikleriň netijesi däldi. Biz öz teklibimizi Omanyň üsti bilen beýleki tarapa hödürläris. Bu teklip makul, logiki we deňagramly” diýdi.
Bekaýi, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda ýadro gepleşikleriniň altynjy tapgyrynyň geçiriljek güni barada jikme-jiklikleriň ýokdugyny aýtdy.