ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trump Ak Tamda žurnalistlere beren beýannamasynda Ukrainadaky urşy bes etmek üçin hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, hem-de Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen ylalaşandygyny beýan etdi.
Emma Trump çarşenbe güni eden çykyşynda Zelenskiý bilen ylalaşyga gelmegiň entek kynlygyny nygtap, ukrain lideri bilen ylalaşmagyň Putinden hem kyndygyny aýtdy.
Zelenskiý şeýle hem ABŞ tarapyndan gelen tankytlara garşylyk görkezip, Krym ýarymadasynyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagyny ykrar etmekden ýüz öwürdi.
Prezident Donald Trump çarşenbe güni “Truth Social” platformasynda beren habarnamasynda Zelenskiýniň Krymyň Russiýa bilen geçirilýän gepleşiklere degişli edilmeli däldigi baradaky şertiniň dowam edýän gepleşiklerde "örän uly päsgelçilik döredýändigini" aýtdy.
"Hiç kim Zelenskiýden Krymy Russiýanyň territoriýasy hökmünde ykrar etmegini islemeýär."
Trump:"Hiç kim Zelenskiýden Krymy Russiýanyň territoriýasy hökmünde ykrar etmegini talap edenok, ýöne eger-de olar Krymy isleýän bolsalar, onda näme üçin 11 ýyl öň Russiýa tarapyndan alynan mahaly, söweşmediler?"diýdi.
Zelenskiý bolsa Kiýewde geçiren metbugat ýygnagynda bu meselä degişli "gepleşere zadyň bolmandygyny", sebäbi onuň ýurduň Konstitusiýasyna ters gelýändigini aýtdy.
Zelenskiý, Trumpyň çykyşyna jogap hökmünde X platformasynda beren habarnamasynda: "Ukraina elmydama öz Konstitusiýasyna laýyk hereket eder, we biz ABŞ-nyň hem-de beýleki hyzmatdaşlarymyzyň kararlara laýyk hereket etjekdigine ynanýarys" diýip, nytady.
Zelenskiýniň habarnamasynda şeýle hem, ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Maýk Pompeo tarapyndan 2018-nji ýylda çap edilen we ABŞ-nyň 2014-nji ýylda Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýasyna garşy çykandygyny hem-de "Ukrainanyň territorial bitewüligi gaýtadan dikeldilýänçä bu syýasaty dowam etdirjekdigini" aýdýan "Krym Jarnamasynyň" fotosuratyny hem paýlaşdy.
Londondaky gepleşikler
Zelenskiý, çarşenbe güni Londonda Fransiýanyň we Britaniýanyň tagallalary bilen geçirilen ýaraşyk gepleşikleri barada hem çykyş edip, Kiýewiň şeyle formatdaky hyzmatdaşlygyň ýurduna "durnukly parahatçylyk" getirmegine umyt baglaýandygyny aýtdy.
Zelenskiý şeýle diýdi:"Şu günki duýgular örän güýçlidi. Bäş döwletiň parahatçylygy iş yüzüne geçirmek üçin bilelikde işlemegi ajaýyp zat. Ukraina, ABŞ, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa."
Ol sözüni dowam etdirip; "Taraplar öz garaýyşlaryny beýan etdiler we biri-biriniň häzirki pozisiýasyna hormat bilen çemeleşdiler. Taraplaryň diňe bir gatnaşyjy däl, eýsem saldamly goşant goşýmagy möhümdi."
Ukrainanyň Premýer-ministri Denys Şmyhal hem çarşenbe güni beren beýannamasynda Kiýewiň ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň gutarnykly ýagdaýa getirilmegini goldaýandygyny we Ukrainanyň dikeldilmegi üçin maýa goýum gaznasynyň döredilmegi ugrunda "tehniki" gepleşikleriň tamamlanmagy üçin tagalla edýändigini aýtdy.
Şmyhal Waşingtonda ABŞ-nyň Gazyna ministri Skott Bessent bilen geçiren duşuşygyndan soň X platformasynda beren habarnamasynda: "Ukrainanyň hökümetiniň ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň tamamlanmagyny we gaýtadan dikeldiş üçin maýa goýum gaznasynyň döredilmegini goldaýandygyny nygtadym” diýip ýazdy.