Türki döwletleriň guramasynyň başlygy Kubaniçbek Omuraliýew, Siriýa boýunça başlangyçlaryň türk diplomatiýasynyň ösüşini görkezýändigini nygtady.
2025 Antalýa Diplomatiýa forumynda çykyş eden Kubaniçbek Omuraliýew, “Bu başlangyçlar, türk diplomatiýasynyň gün saýyn ösýändigini görkezýän diňe bir mysal. Türk diplomatiýasy, iki taraply we köp taraply gepleşikler netijesinde diňe sebitinde däl eýsem halkara derejesinde uly üstünlikler gazandy” diýdi.
Omuraliýew “Siriýada we beýleki goňşy ýurtlarda başdan geçirilýän wakalara, Russiýa-Ukraina ýaly beýleki meselelere ser salnanda türk diplomatiýasynyň täsirini açyk aýdyň görmek bolýar” diýdi.
Omuraliýew, geçen ýyl Antalýa diplomatiýa forumyň çäginde geçirlen oturluşygyň, TDG-nyň dünýä ýurtlary bilen edýän gatnaşyklaryna uly itergi berendigini nygtady.
“Biz deňsiz-taýsyz gurama”
TDG-nyň täsiri gün saýyn güýçlenýän guramadygyny nygtan Omuraliýew, “Daşary syýasat, ykdysadyýet, söwda, syýahatçylyk, energetika, ýaşlar we sport ýaly 35-den gowrak ugur boýunça iş alyp barýarys” diýdi.
Omuraliýew, “Biz taryhymyzdan, däp-dessurlarymyzdan, medeniýetimizden, dilimizden we dinimizden göz baş alýan deňiz-taýsyz özboluşly gurama. Ýokarda ady agzalýan ugurlara esaslanýan başga gurama ýok” diýip belledi.
İlki “Gurama, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi ýagny Türk geňeşi ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzstan we Türkiýe tarapyndan gurulýar.
TDG, Türk dünýäsiniň umumy taryh, medeni gymmatlyklar, ykdysadyýet, syýasat, bilim, medeniýet, howpsuzlyk, aragatnaşyk, gümrük, syýahatçylyk we sport ýaly birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini maksat edinýär.