Pekin, hytaýly, russiýaly we eýranly diplomatlaryň gatnaşmagynda saklanan ýadro gepleşikleriniň gaýtadan başladylmagy maksady bilen geçirlen taryhy duşuşyga ýer eýeçiligini etdi.
Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri paýtagt Pekinde hytaýly, russiýaly we eýranly diplomatlaryň gatnaşmagynda ýadro gepleşikleriniň geçirlendigini mälim etdi.
Eýran, resmi Waşingtonyň 2015-nji ýylda ýadro şertnamasyndan bir taraply ýagdaýda çekilmeginden soň bir ýylyň dowamynda beren wadasynda durdy, emma soň jogapkärçiliklerini azaltmaga başlady. Şol günden bäri şertnamanyň gaýtadan dikeldilmegi üçin tagalla etdi emma hiç hili netije alyp bilmedi.
Hytaýyň hökümeti, anna güni “aragatnaşygyň dowam etdirilmegi we utgaşyklygyň güýçlendirilmegi we gepleşikleriň gysga wagtda gaýtadan başlamagy maksady bilen hytaýly, russiýaly we eýranly diplomatlaryň gatnaşmagynda duşuşygyň geçirlendigini mälim etdi.
Hytaýyň JJTW tele ýaýlymynyň beren habarynda üç diplomadyň, Eýranyň ýadro meselesi boýunça we degişli beýleki ugurlar hakynda pikir alyşandygyny aýan etdi.
Habarda duşuşyk hakynda giňişleýin maglumat berilmedi. Duşuşyga Hytaýyň Daşary işler ministri Ma Zhaoxunyň, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Ryabkowyň we Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kazym Gaibabadiniň gatnaşandygy nygtaldy.
Trampyň berk syýasatlary we Eýranyň jogaby
Ýanwar aýynda ikinji gezek ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine başlan Donald Tramp, Eýrana garşy “maksimum basyş” syýasatyny alyp barmaga başlady we prezidentliginiň birinji döwründäki tutumymy dowam etdirdi.
Tramp, Eýran bilen täze gepleşik etabynyň başlamagy üçin çagyryş berdi emma resmi Tähran sanksiýalar bes edilmezden gepleşiklere başlamajakdygyny mälim etdi.
Gepleşikleriň deň şertlerde geçirilmegi talap edildi
Tramp şu hepde Eýrana hat ýazyp, gepleşikleriň başlamalydygyny nygtady, eger şeýle bolman halatynda harby operasiýa ähtimallygyny gün tertibine getirdi.
Resmi Tähran, penşenbe güni beren beýannamasynda, Trampyň Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneýe ýazan hatynyň giňişleýin seljerilýändigini mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, penşenbe güni beren beýannamasynda “Netijede ABŞ sanksiýalary bes etmeli” diýdi.
Arakçi “Basyşsyz we hemlesiz, deň şertlerde we halkymyzyň milli bähbitleri kepillendirilen halatynda gepleşiklere başlarys” diýip belledi.
Eýran urany kämilleşdirmäge dowam edýär
Halkara Atom energiýasy gullugy, geçen aý çap eden habarnamasydna, Eýranyň 60 göterim arassalyga ýetýän ýokary derejeli kämilleşdirlen uran ätiýajyny artdyrandygyny mälim etdi. Bu san atom bombasyny öndürmek üçin zerur bolan 90 göterim derejesine has ýakyn.
Emma Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý şu hepde beren beýannamasynda ýurdunyň ýadro ýaragyna eýe bolmandygyny we ýadro ýaragyny öndürmek niýetiniň bolmandygyny aýtdy.
BMG-nyň çäginde iş alyp barýan halkara Atom energiýasy gullugy fewral aýynda çap eden 3 aýlyk habarnamasynda, Eýranyň 60 göterim arassalyga ýetýän ýokary derejeli kämilleşdirlen uran ätiýajyny artdyrandygyny mälim etdi. Şol sanyň atom bombasyny öndürmek üçin zerur bolan 90 göterim derejesine has ýakyndygyny mälim edipdi.
.