Sosial mediadaky gözellik tendensiýasy ýetginjek gyzlara zyýan ýetirýärmi?
Medeniýet
5 minut okamak
Sosial mediadaky gözellik tendensiýasy ýetginjek gyzlara zyýan ýetirýärmi?Bu bölümde meşhur wideolar we internet tanymallary medeniýetiniň ugrukdyrýan gözellik düşenjesiniň, ýetiginjek gyzlaryň durmuşyna nähili täsir ýetirýändigini öwreneris.
Gözellik
4 مارس 2025

Häzirki zaman dünýäsinde gözellik ähli ýerde – öýjükli telefonlarymyzda, aşak tarap geçirýän her bir akymda öňümize duş gelýär. Sosial media we internet tanymallary ýaş gyzlaryň nähili görýänini formirleýärler. Owadan wideolara tomaşa etmek bilen başlaýan güýmenje, tiz wagtda derini ideg etmek ýoluganlyga öwrülip bilýär. Ýaş gyzlar ulular üçin dizaýn edilen gözellik standartlaryny ýerine ýetirmek isleseler näme bolar?

Bu bölümde meşhur wideolar we internet tanymallary medeniýetiniň ugrukdyrýan gözellik düşenjesiniň, ýetiginjek gyzlaryň durmuşyna nähili täsir ýetirýändigini öwreneris. 

Ähli zat ýönekeý ýagdaýda gowy görünmek islegi bilen başlady. 11 ýaşyndaky Skarlett gözellik wideolaryna tomaşa etmegi örän halardy. Ýalpyldawuk derini we jadyly diýen ýaly deri ideg önümlerine haýran galypdy. Emma şol haýranlyk gysga wagtyň içinde alada öwrüldi. Skarlett entek 10 ýaşynda bolan mahaly endamyndaky ýygyrtlar babatynda alada etmäge başlapdy. Arassalaýyş serişdeleri, maskalar, spreýler, çyglandyryjylar bilen birlikde tertip düzdi. 

Emma işler gysga wagtyň içinde tersine öwrülmäge başlandy. Gijeleriň birinde hemişeki ýaly deri ideg önümlerini ulananyndan soň, Skarlettiň ýüzi ýanmaga başlandy. Derisi çişdi. Ulanan önümleri aslyna garanyňda ulylar üçin niýetlenipdi we onuň ýaş, duýgur derisi üçin artykmajy bilen agyrdy. Ençeme aý geçmegine garamazdan Skarlett netijelerine garşy göreşýärdi. 

Skarlettiň hekaýasy özboluşly däl. Bu ösüp barýan bir tendensiýanyň ýüze çykmasydy. Sekiz ýaşly gyzlar hem  himiki ýanmalar we allergiki reaksiýalar sebäpli dermatologlara ýüz tutýarlar. #SephoraKids ýaly meşhur trendler ýaş gyzlara has uly ýaşly zenanlar üçin niýetlenen deri ideg önümlerini synap görmäge iterýär.

Emma zyýan diňe fiziki däl.

Hünärmenler onuň psihiki täsiriniň bardygy barada duýduryş berýärler. TikTok we Instagram ýaly platformalar ýaş gyzlaryň bir kemsiz deri we tekiz saç ýaly ajaýyp gözelligiň şekilleri bilen nyşana alýarlar. Bu şekiller we wideolar aslyna garanyňda filtrler we redaktirleme gurallary bilen güýçlendirýärler. Emma ýaş gyzlar käteleri bu kemsiz görnüşleri döredýän sahnanyň arkasyndaky tilsimleri görüp bilmeýärler.

Bu hakykata bap gelmeýän görnüşleri durmuşa geçirmek basyşy zyýanly täsirlere sebäp bolup bilýär. Köptaraplaýyn ylmy barlaglar daşarky görnüşe aşa ýagdaýda üns bermegiň adamyň öz-özüne bolan ynama täsir ýetirip biljekdigini görkezýär. Ýaş gyzlar bu standartlara ýetmäge synanyşýarka, ýaşlar wagtyň geçmegi bilen ynjalyksyzlyk, öz-özüne bolan ynam meseleleri we hat-da depressiýa bilen göreşmäge başlaýarlar.

Adamlaryň köpüsi üçin deri idegi diňe deriňi ideg etmek bilen çäklenmeýär, bu uýgunlaşma guraly ýagdaýyna gelýär.

Mia Nýu-Ýorkda ýaşaýan 14 ýaşyndaky bir gyzdy we deri ideg bilen kän bir gyzyklanmaýardy. Emma 8-nji synpa başlan mahaly ähli zat üýtgedi. Birden mekdepdäki gyzlaryň derini ideg etmek düzgüni bardy we sosial media tanymallary oňa "degişli" bolmak üçin näme etmelidigini görkezýärdiler.

Mia hem ençeme adam ýaly hepdelik harçlyk puluny gymmat bahaly deri ideg önümlerine sarp etdi. Iň halaýan tanymallaryň ulanýanlaryny satyn aldy. Ýönekeýji bir bilesigelijilik gymmat endige öwrüldi-spreýler, syworotkalar, çyglandyryjylar, bularyň ählisi ýokary derejeli markalardy. Satyn alan önümleri ulularyň köpüsiniň sarp edişinden has gymmatdy. Deri ideg diňe gowy görünmek bilen çäklenmedi, degişli bolmagyň ýoly ýagdýayna öwrüldi. Tanymallar şol bir önümlere eýe bolmagyň bir bölegi bolmagyny üpjün etjekdigini aýdýardylar. erini bejermekden artykmaç bolup durýar - bu birek-birege gabat gelmek barada bolýar.

Bu ýaşda deri ideg endigi, giň bir meseläniň bölegi – sosial medianyň ýaşlara ýetirýän täsiri. Mia öz ýaşdaşlary ýaly “Meniň bilen taýarlan” wideolaryna tomaşa etmäge endik edipdi, bu wideolarda tanymallar millionlarça eýerijileri üçin gündelik tertibini paýlaşýarlar. Ol tanymallara wideolaryny örän özboluşly duýdurmak üçin markalar tarapyndan töleg edilýärdi. Maslahat berýän bir dostdan beýlekä berilýän ýaly görünýär.

Esasy aladalandyryjy zat bolsa, bu ýaş gyzlaryň onlaýn görnüşde nähili edip bolýandygyny görkezýän wideolarda alýan maglumatlary. Görnüşlerini has kämilleşdirmek üçin ädimme-ädim näme etmelidigini öwrenýärler, edil hem kämilligini emele getirmäge başlan döwürlerinde. Geçirilen barlaglar öz keşbiňe aşa üns bermegiň alada, depressiýa we beden şekil meselelerine iterip biljekdigini görkezýär. 

Bu ýoluganlyk artmak bilen birlikde, gözellik senagaty bu tendensiýadan peýdalanýar.

Geçirilen barlaglar deri ideg önümleriniň söwdasynyň agramly böleginiň indi 14 ýaşdan kiçi çagalaryň ugrukdyrýandygyny görekzýär, esasan hem ýokary hilli önümler üçin. Emma satyn alýan önümleriň aglabasynyň düzüminde retinol we himiki eksfolýantlar bar. Bu maddalar ýaşlaryň derilerini uzak möhletleýin zaýalap bilýär.

Dermatologlar çagalaryň diňe ýönekeý önümler bilen çäklenmeklerini maslahat berýär – diňe ýumşak bir arassalaýjy, çyglandyryjy we we gün şöhlesinden goraýjy krem. Olardan daşary ähli zat, ýaşlaryň derileri üçin artykmaç bolar. Möhletinden ir garramak we ýaranyň yzlary ýaly zeperleriň ýetmegine sebäp bolup bilýär. 

Ululara niýetlenen önümleriň ýaşlaryň derisine ýetirjek howplar bilen bagly berilýän duýduryşlara garamazdan, ençeme kärhana bu goragsyz köpçülige mahabat bermäge dowam edýär.

Şwesiýa ýaly käbir ýurtlar çagalary goramak üçin berk kanunlary girizdiler. Ol ýerde, ýetginjekleriň garramaga garşy önümleri satyn alyp bilmek üçin ene-atalarynyň rugsady gerek. Emma ABŞ-nyň Kaliforniýa ştaty ýaly beýleki ýerlerde, şol önümleriň 13 ýaşdan kiçi ýaşda bolan çagalara satuw boýunça düzgünleşdirme girizmek synanyşygy şowly bolmady. 

Käbir ene-atalar üçin göreş öýde başlaýar. Aglabasy çagalarynyň eýe bolan deri ideg önümleriniň köplügini gören mahallary haýran galýarlar. Mianyň ejesi Sandra ýaly käbirleri çagalarynyň derisini we saglygyny goramak üçin ähli önümleri zyňmak ýaly berk çäreler görýärler.

Ilki başda, Mia oňa gaharlanypdy. Ahyrsoňy, ol öz ejesiniň kararynyň dogrudygyna göz ýetirdi. Has ýönekeý usul bilen derini has saglykly we iň esasysy, ol özüni has ynamly duýýar.
 Skarlettiň ejesi bolsa zyýan ýetýänçä çenli ondan habarly däldi. Ol häzirki wagt hem gyzynyň derisini kämilleşdirmeli bolan önümiň derisini ýakan wagtlaryny ýatlaýar. Gyzynyň başyndan geçiren gussaly waka şaýat bolanyndan soň, has ünsli çemeleşýär. Häzirki wagtda, deri ideg pudagynda çagalar üçin has berk duýduryşlaryň we has gorag astyna alnmagynyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýär. 

Gözellik senagaty ösmegini dowam etdirýärkä, sosial medianyň täsiri artýarka, ýaş gyzlaryň mümkin bolmadyk gözellik ülňülerini ýerine ýetirmek synanyşygynyň basyşyndan goralmagy açyk-aýdyňdyr. Mianyň we Skarlettiň hekaýalary has hem artýar. Käbir ene-atalar işe girişsede, hünärmenler üýtgeşmäniň ýokarydan başlamalydygynyň zerurdygy barada pikir edýärler.

Özümize sorag bermelidiris: Biz indiki nesile hakykatda näme öwredýäris? Gözellikmi ýa-da özlerini bolşy ýaly kabul etmekmi?

Şu günki bölümimizi tamamlaýarys. Diňländigiňiz üçin minnetdardyrys. Indiki bölüme çenli bagtly boluň we habarly galyň. Bu Podkast TRT Worltda çap edilen makalalaryň birine uýgunlaşdyryldy. 

GÖZBAŞY:TRT World
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us