Ýewropa Bileleşigi Siriýa garşy girizilen sanksiýalary tapgyrlaýyn bes eder diýip, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron çarşenbe güni Siriýanyň Prezidenti Ahmed Al Şara bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu sapar Al Şaranyň wezipesine girişenden soň Ýewropa ýurtlaryna ilkinji sapary boldy.
“Men prezident bilen gepleşikde eger ol öz ýolunda dowam etse, biziň hem öz ýolumyzda dowam etjekdigimizi aýtdym: ilki bilen, Ýewropa ykdysady sanksiýalaryny tapgyrlaýyn ýatyrar” diýip, Makron aýtdy.
Makron şeyle Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny hem şol ugurda hereket etmäge höweslendirmek üçin “ygtybarly gepleşikler” tapgyryny başlatjakdyklaryny we BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy (UNHCR) hem-de beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde Siriýanyň “öz ukuplaryny we möhüm güýçlerini dikeltmegine” mümkinçilik berýän sebitara çarçuwany döretmek ugrunda işleşjekdiklerini aýtdy.
“Onuň üçin halkara serişdeleriniň dogry ulanylmagyna kepillik bermek zerur bolar. Fransiýa şol çäkde özüniň möhüm hasaplaýan ileri tutulýan ugurlarynyň göz öňünde tutulmagyny üpjün eder, sebäbi meniň aýdyşym ýaly Siriýanyň durnuklylygy we bitewiligi Ýakyn Gündogaryň durnuklylygy üçin hem möhüm,” diýip, Makron aýtdy.
Başar al Asadyň režimi döwründe girizilen sanksiýalaryň dowam etmezligi ugrunda çykyş etjekdigini we şübheleri bolan käbir agza döwletler bilen işleşjekdigini tassyklady.
“Men bu sanksiýalary tapgyrlaýyn ýatyrmak, ony goldamak we geljekki aýlarda öňe gitmek mümkinçiligini döretmek biziň jogapkärçiligimiz diýip hasaplaýaryn,” diýip, Makron sözüniň üstüni ýetirdi.
Özara hyzmatdaşlyk
Siriýanyň Prezidenti Al Şara Fransiýanyň Siriýanyň halkyna dostdygyny, rewolýusiýa ýyllarynda olary goldandygyny” aýtdy.
Ol Prezident Makron bilen özara gyzyklanma döredýän meseleleri, şol sanda Fransiýanyň Siriýanyň täzeden dikeldilmegine we durnuklylygyna goşant goşmagynyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşandygyny belledi. “Bu bolsa tutuş sebitiň durnuklylygyny aňladýar” diýip, ol aýtdy.
Al Şara şeýle hem, fransuz prezidenti bilen howpsuzlyk, ykdysadyýet, adalat we terrorizme garşy göreş ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça bar bolan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.
Ol soňky ýyllarda siriýaly bosgunlary kabul edendikleri we şu gün özüni myhman alandyklaryi üçin Makrona we fransuz halkyna minnetdarlyk bildirdi.
Al Şara öz administrasiýasynyň “messep çaknyşyklaryna ýa-da daşary ýurtly taraplaryň Siriýanyň özygtyýarlygyny bozmagyna ýol bermejekdigini” nygtap, “Siriýanyň geljegi ýapyk otaglarda ýa-da alys paýtagtlarda kesgitlenmez” diýip, nygtady.
Şara, Siriýa garşy halkara sanksiýalary barada bolsa “olaryň öňki režimiň eden jenaýatlary sebäpli girizilendigini, emma şol režim häkimiýetden çetleşdirilenden soň sanksiýalaryň dowam etdirilmegine hiç hili esasyň ýokdugyny” aýtdy.