Prezident Donald Tramp ABŞ-dan daşarda öndürilen ähli kino-filmlere goşmaça salgytlaryň girizilýändigini beýan etdi. Ol Golliwudyň amerikan kino öndürijileriniň we studiýalarynyň daşary ýurtlarda işlemegi sebäpli "dargandygyny” öňe sürdi.
Bu habar, Ak Tamyň dünýäniň dürli ýurtlaryna giň gerimli salgytlar girizmek bilen baglanyşykly agressiw söwda syýasatlary sebäpli berk tankyt edilýän günlerinde berildi.
"Men Söwda departamentine we ABŞ Söwda wekiline Daşary Ýurtlarda öndürilen ähli kino-filmlere 100 göterim salgyt girizmek üçin dessine işe girişmäge ygtyýar berýärin" diýip, Tramp ýekşenbe güni “Truth Social” platformasynda ýazdy.
Trampyň bu habarnamasy ABŞ-nyň prezidenti tarapyndan 145 göterim salgyt sebäpli dartgynly günleri başdan geçiren Hytaýyň geçen aý Amerikan filmleriniň importyny azaltjakdygyny yglan etmeginden soň berildi.
‘Çalt depginde ýok bolmak’
"Amerikanyň kino senagaty ýok bolma howpuny başdan geçirýär. Daşary ýurtlar kino öndürijilerimizi we studiýalarymyzy ABŞ-dan çekmek üçin dürli ýeňillikler hödürleýärler" diýip, Tramp ýekşenbe güni beýan etdi.
"Gollywud we ABŞ-nyň ençeme ýerleri ýok edilýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi we ony milli howpsuzlyk üçin wehim hökmünde häsiýetlendirdi.
Bu salgytlaryň kino senagatyna nähili täsir ýetirjekdigi ýa-da olaryň nähili durmuşa geçiriljekdigi barada anyk maglumat berilmedi.
Trampyň habarnamasynda telewizion serialary barada hem hiç zat aýdylmady, emma olar häzirki wagtda ekranda öndürilýän iň meşhur we girdejili ugurlaryň biri bolup durýar.
Hytaý
Tramp ABŞ-nyň Hytaý bilen bilelikde ençeme ýurt bilen söwda şertnamalary boýunça gepleşik geçirýändigini we Hytaý bilen esasy maksadynyň adalatly söwda şertnamasyny baglaşmakdygyny aýtdy.
Tramp “Air Force One” uçarynda žurnalistlere şu hepde Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin bilen gepleşik geçirmegi meýilleşdirmeýändigini, emma ABŞ-nyň resmileriniň Hytaýyň resmileri bilen dürli ugurlar boýunça gepleşik geçirýändigini aýtdy.
Trampdan bu hepde söwda şertnamalarynyň yglan edilip-edilmejekdigi soralanda, ol "örän mümkin" diýip jogap berdi, emma jikme-jik maglumat bermedi.