TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiýe terror guramasy PKK-nyň we ähli şahamçalarynyň ýaraglaryny taşlamagy barada çagyryş berdi
Goranmak ministri, Ankaranyň terror guramasyny ýok etmegi we gurama tarapyndan abanýan ähli howplary ortadan aýyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Türkiýe terror guramasy PKK-nyň we ähli şahamçalarynyň  ýaraglaryny taşlamagy barada çagyryş berdi
March 17, 2025

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, terror guramasy PKK we tapawutly atlar bilen dürli sebitlerde iş alyp barýan şahamçalarynyň şertsiz ýaraglaryny taşlamagy barada çagyryş berdi.

Şenbe güni geçirlen çärede çykyş eden Ýaşar Güler, “guramanyň terror arkaly hiç hili netije alyp bilmejekdigine, soňunyň gelendigine we öz-özüni dargatmakdan başga çäresiniň ýokdygyna giç hem bolsa göz ýetirmegi diýseň möhüm” diýdi.

Güler, “Şol çäkde atyşygyň bes edilmegi ýaly tekstde ýer almadyk esaslar gün tertibine getirlip bilinmez. Gün tertibine getirlen halatynda hem kabul edilmegi asla mümkin däl” diýdi.

Türkiýäniň terrora garşy göreş meselesiniň uzak ýyllardan bäri ýurduň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini aýdan Güler, Türk ýaragly güýçleriniň taryhyň dowamynda bolşy ýaly ýurduň jebisligine we bitewiligine abanýan ähli howplara garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýändigini aýtdy.

Ankaranyň terrory dolulygyna ýok etmegi we ýurda abanýan ähli howplary ortadan aýrymagy maksat edinýändigini aýdan Ýaşar Güler, “Etabyň bökdelmegine we etapdan hyýanatçylykly peýdalanylmagyna asla rugsat berilmez” diýip belledi.

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler, PKK Türkiýede 40 ýylda zenanlar, çagalar, ýaşulylar we babejikler bilen birlikde 40 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. PKK, Türkiýe, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde yglan edildi” diýdi.

Howpsuzlyk meselesinde egilşik etmek ýok

Prezidentiň howpsuzlykdan we daşary syýasatdan jogapkär kömekçisi Akif Çagataý Kylyç, Ankaranyň howpsuzlygyň üpjün edilmegi we Siriýanyň gelejegi meselesinde egilşik etmejekdigini belledi.

Akif Çagataý Kylyç, Türkiýäniň ÝPG-niň ýolbaşçylygyndaky SDG-niň, terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahamçasy hökmünde gözegçiligi astyndaky sebitleriň birleşen Siriýa utgaşyklyk etaby we gazanylan ylalaşyk bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam etjekdigini nygtady.

Siriýanyň Latakiýe welaýatynda agdarlan hökümetiň tarapdarlary bilen täze hökümetiň arasynda başdan geçirlen soňky wakalar hakynda hem durup geçen Kylyç, wakalarda adam pidalarynyň çekilmegininiň gynandyryjydygyny, döwletiň ýurduň bitewiliginiň goralmagynyň we howpsuzlygynyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallasynyň möhümdigini nygtady.

Terror DEAŞ-iň Siriýada iş alyp barmagy barada hem durup geçen Kylyç, “Türkiýäniň we sebitde ýerleşýän ýurtlaryň alyp barýan göreşi netijesine DEAŞ-iň dünýäde gelejegi ýok. DEAŞ terror guramasy we asla akbul etmeris” diýip belledi.

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us