Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, çarşenbe güni halkara Laçyn howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Halkara Laçyn howa menzili, Azerbaýjanyň 2020-njy ýylda Ermenistan bilen bolan söweşde yzyna alan sebitlerinde gurlan üçünji howa menzili bolar.
Deňiz derejesinden 1.800 metr belentlikde ýerleşýän howa menzili daglyk ýerlerde gaýalaryň oýulmagy bilen guruldy.
Laçyn Azerbaýjanyň iň belent depesinde ýerleşýän howa menzili boldy.
2021-nji ýylda gurluşygyna başlanan howa menzili, Laçyn şäher merkezinden 30 kilometr, Şuşadan 70 kilometr we Kelbejerden 60 kilometr alysda ýerleşýär.
Howa menziliniň uçuş-gonuş meýdançasynyň uzynlygy 3 müň metr, ini 60 metr. Howa menzili şol bir wagtda 200 ýolagça hyzmat eder.
Garabagdaky halkara üçünji howa menzili
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadowyň gol çeken karary bilen Laçyn howa menziline halkara howa menzili statusy berildi. Bu status barada halkara guramalara hem maglumat berildi. Şeýlelikde Azerbaýjandaky halkara howa menzilleriniň sany 9-a ýetdi.
Azerbaýjanyň basyp alyşlykdan halas edilen sebitlerinde gurlan ilkinji howa menzili bolan halkara Fuzuli howa menzili 2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Erdogan bilen Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.
Erdogan bilen Aliýew 2022-nji ýylyň 20-njy oktýabrynda hem halkara Zengilan howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşypdy.