SYÝASAT
1 minut okamak
Eýranly ýokary derejeli diplomat, ýadro gepleşikleriniň geçirilýän günlerinde Hytaýda saparda bolar
Tähran bilen Waşington ilki Omanda, ikinjisi Italiýada bolmak üçin iki gezek ýadro gepleşigini geçirdi.
Eýranly ýokary derejeli diplomat, ýadro gepleşikleriniň geçirilýän günlerinde Hytaýda saparda bolar
April 22, 2025

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, sişenbe güni resmi Pekinden berlen resmi beýannama görä, Hytaýda saparda bolar.

Arakçiniň çarşenbe güni Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi bilen duşuşjakdygy nygtaldy. Abbas Arakçiniň Eýranyň ABŞ bilen Omanyň töwellaçylyk etmeginde ýadro gepleşikleriniň geçirilýän günlerinde Hytaýa sapar guramagy ünsleri özüne çekdi. Hytaýyň Daşary işler ministrligi saparyň  ministr Wangyň çakylygyna laýyklykda guralýandygyny mälim etdi.

Tähran bilen Waşington ilki Omanyň paýtagty Maskatda, soň bolsa Italiýanyň paýtagty Rimde gepleşikleriň ikinji tapgyryny geçirdi.

Trampyň adminstrasiýasy, iki tarapyň gepleşiklerde öňe gidişlik edendigini aýan etdi. Eýranyň Daşary işler ministri Arakçi gepleşikleri “oňyn” we “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi. Tähran bilen Waşington şenbe güni hem Omanda gepleşikleriň üçünji tapgyryny geçirer.

13-nji aprelde Maskatda başlan aýlawly gepleşikleri bilen ünsler Eýranyň ýadro meýilnamasyna gönükdi we taraplar Omanyň töwellaçylyk etmeginde aragatnaşyk saklaýar.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, ozalky Prezidenti Barak Obama döwründe 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasynyň ýerine täze şertnama baglaşylman halatynda Eýrana garşy harby taýdan çäre görmek bilen hemle atypdy.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us