ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump Hytaý bilen Şweýsariýada geçirilen gepleşiklere ýokary baha berdi we iki tarapyň “dostlukly, ýöne konstruktiw ýagdaýda” täze başlangyjyň üstünde ylalaşandygyny beyan etdi.
Trump " Truth Social" sosial platformasynda: "Şu gün Şweýsariýada Hytaý bilen örän gowy maslahat geçirdik. Köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we köp ylalaşyk gazanyldy" diýdi. Tramp: "Hytaýyň we ABŞ-nyň peýdasyna boljak Hytaýyň Amerikan işewür adamlaryna gapylaryny açmagyny isleýäris. Uly öňe gidişlik gazanyldy" diýdi.
Pakistan-Hytaý-Owganystan
Owganystan Kabulda ilkinji "Pakistan-Hytaý-Owganystan üçtaraplaýyn maslahatyny" geçirdi we ol maslahatda ykdysady hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we sebitdäki durnuklylyk ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň Owganystan boýunça ýörite wekili Muhammet Sadyk X platformasyndan beren beýanatynda, Daşary işler ministri Emir Han Muttakiniň “ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we sebitdäki durnuklylyk baradaky pikirleriň ýakynlaşmagyny üpjün edendigini” aýtdy.
Sadyk Owganystana resmi sapar guran bolsa, Hytaýa Owganystandaky ýörite wekili Ýue Sýaoýong wekilçilik etdi.
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň orunbasary Hafyz Ziýa Ahmed X platformasynda, döwletleriň Kabulda altynjy Owganystan-Hytaý-Pakistan Daşary işler ministrleriniň gepleşiklerini geçirmek barada ylalaşandygyny habar berdi.
Sadyk, wagtlaýyn söwda ministri Azizi bilen geçiren duşuşygynda Hytaý-Pakistan ykdysady koridorynyň Owganystana çenli giňeldilmegi barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.
Bu wakanyň Hindistan-Pakistan sebitdäki ýaraşykdan soň başdan geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.