Rumyniýanyň Premýer-ministri Marçel Çolaku, hepdäniň ahyrynda geçirlen saýlawlaryň birinji tapgyrynda aşa sagçy dalaşgär Jorj Simionuň ýeňiş gazanmagyndan soň duşenbe güni wezipesinden çekildi.
Ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Bolažanyň Premýer-ministri Çolakunyň arzasyny kabul edendigi we şu gün wagtlaýyn premýer-ministri bellejekdigi nygtaldy.
Ýerli Antena-3 teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ruminiýa Sosýal demokrat partiýasynyň syýasy maslahatyndan soň, şol bir wagtda partiýanyň başlygy bolan Çolaku, şäriklik hökümeti tarapyndan goldanýan dalaşgär Krin Antoneskunyň ýeňilmegi sebäpli wezipesinden çekilmek barada karar kabul etdi.
Premýer-ministr Çolaku, saýlawyň netijeleriniň hökümete bolan ynamyň azalýandygyny görkezýändigini aýtdy.
Çolaku “Gelejekdäki prezidentiň meni wezipämden boşatmagyna garaşman, wezipämden çekilmek isledim” diýdi.
Çolaku, partiýanyň 18-nji maýda geçiriljek saýlawyň ikinji tapgyry üçin dalaşgär hödürlemejekdigini belledi.
Jorj Simion saýlawyň birinji tapgyrynda 40,09 göterim ses aldy. 38 ýaşyndaky Simion aşa milletçi we ÝB-ne garşy alyp barýan tutumy bilen ýakyndan tanalýar.
Simion 18-nji maýda saýlawyň birinji tapgyrynda 21 göterim ses alan iň ýakyn bäsdeşi Nikuşor Dan bilen bäsleşer.
24-nji noýabrda Rumyniýada geçirlen prezident saýlawynyň birinji tapgyrynda aşa sagçy we Russiýanyň tarapdary Kalin Gorgesku üstünlik gazanypdy.
Emma Ýokary kazyýet saýlaw kampaniýasy döwründe Russiýa goldaw berlendigi sebäpli 8-nji dekabrda saýlawyň ikinji tapgyrynyň bes edilendigini mälim etdi.