Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý ýurduň goşunynda uly üýtgeşmeleri tassyklaýan birnäçe permana gol çekdi.
Ukrainanyň Prezident diwanynyň internet sahypasynda sişenbe güni çap edilen permanda, Mihail Drapattiniň ýurduň Birleşen Güýçleriniň serkerdesi wezipesine bellenendigi we onuň Gury ýer güýçleriniň serkerdesi wezipesinden çekilendigi tassyklanyldy.
Ýekşenbe güni Mihail Drapatti Kiýewiň ýurduň Dnepropetrowsk sebitindäki tälim merkezini nyşana alan rus raketaly hüjüminde 12 esgeriň ýogalandygyny we 60-dan gowrak esgeriň ýaralanandygyny aýan etmeginden soň, wezipesinden çekilmek barada arzasyny beripdi.
Zelenskiý tarapyndan gol çekilen başga bir permana laýyklykda, Robert Browdi Uçarmansyz howa ulaglary ulgamlary güýçleriniň täze serkerdesi wezipesine bellenildi. Ol geçen ýylyň iýun aýynda bu wezipä ilkinji gezek bellenen Wadym Sukharewskiýniň ornuny tutdy.
Zelenskiý şeýle hem Igor Skibiukini Harby-howa hüjüm güýçleriniň serkerdesi wezipesinden boşadyp, onuň ornuna geçen ýylyň noýabr aýynda Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň baş serkerdesiniň orunbasary wezipesine bellenen Oleg Apostoly belledi.
Ukrainanyň prezidenti şeýle hem Oleksandr Bilousy Ukrainanyň Milli gwardiýasynyň serkerdebaşysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bu permana bilen baglanyşykly işden boşatmalaryň sebäpleri barada maglumat berilmedi.
Düýn agşam wideo ýüzlenme beren Zelenskiý, ýurduň harby ýolbaşçylary bilen jikme-jik maslahat geçirendigini we maslahata gatnaşan Mihail Drapattiniň “Fronta dolulygyna ünsüni gönükdirmek üçin” ýurduň Birleşen Güýçleriniň serkerdesi wezipesine bellenendigini beýan etdi.
Krymda köprüniň partlamagy
Bu göçüm, Ukrainanyň Russiýany Krym ýarymadasy bilen birleşdirýän Kerç köprüsine zeper ýetendigini öňe sürmeginden soň geldi.
Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugy köprüni zeper ýetiren suwasty operasiýany amala aşyrandygyny aýtdy.
Telegramdan berlen beýanatda howpsuzlyk gullugy bu suwasty operasiýanyň birnäçe aýlap taýýarlanylandygy habar berildi.
Beýanatda: “Howpsuzlyk gullugynyň içalylary bu bikanun desga partlaýjy serişdeleri ýerleşdirdi. Şu gün bolsa, hiç bir asuda ilata zyýan ýetirmän, ir sagat 04:44-de ilkinji partlaýjy enjam partladyldy” diýip mälim edildi.
Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy köpriniň sütünleriniň aşaky bölegine uly zeper ýetendigini we 1100 kg TNT ekwiwalentindäki partlaýjy serişdeleriň ulanylandygyny aýtdy.
Köpriniň abatlanylyp bilinmejekdigi öňe sürüldi.
Howpsuzlyk gullugynyň başlygy general-leýtenant Wasyl Malyş operasiýanyň meýilleşdirilmegine şahsy gözegçilik edendigini we ony utgaşdyrandygyny aýtdy.