DÜNÝÄ
2 minut okamak
Tesla Hindistanda ulag öndürmek islemeýär
Ýerli maýadarlar, ýerlik elektrikli ulag önümçiligine millionlarça dollarlyk maýa goýdy we has köp maýa goýmagy meýlleşdirýär
Tesla Hindistanda ulag öndürmek islemeýär
June 2, 2025

Hindistanyň Federal agyr senagat ministri HD Kumaraswamy, Teslanyň ýakynda Hindistanda elektrikli ulag önümçiligine başlamagyna garaşmaýandyklaryny aýtdy.

Ministr Kumaraswami, Mersedes-Benz we Wolkswagen ýaly daşary ýurtly awtoulag öndürijileriniň Hindistanyň täze elektrikli ulag önümçilik syýasaty bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny belledi.

Ministr Kumaraswami “Tesla Hindistanda awtoulag öndürmek islemeýär” diýdi.

Tesla dünýäde awtoulag bazary taýdan üçünji orny eýeleýän bazarda ulaglaryny satmak isleýär. Emma firmanyň ýolbaşçysy Elon Maskyň dünýäniň iň ýokary salgytlaryndan biri hökmünde hasaplaýan ýokary gümrük salgytlary şol meýilnama ýaramaz täsirini ýetirýär.

Hindistan daşary ýurtly awtoulag öndürijileriniň ýerli elektrikli ulag önümçiligine maýa goýmagy şerti bilen import salgytlaryny aşakladýan elektrikli ulag syýasatyny kesgitledi.

Bir ýyldan gowrak wagt üstünde işlenilýän syýasat, ilki Teslanyň Hindistanda maýa goýmagyny höweslendirmak maksady bilen taýarlanypdy.

Agyr senagat ministrliginiň taýarlan meýilnamasyna görä, firmalar ýurtda elektrikli ulag önümçiligine 486 million dollarlyk maýa goýmagy wada beren halatynda 70 göterimlik gümrük salgydy aşakladylar we firmalar 15 göterimlik aşaklama bilen ulaglaryny import eder.

Firmalar şeýle hem Hindistanda önümçilik desgasyny gurmaly we üç ýylyň dowamynda şol desga ulanylmaga berilmeli.

Tata Motors we Mahindra&Mahindra ýaly ýerli firmalar, ýerli elektrikli ulag önümçiligine millionlarça dollarlyk maýa goýdy we has köp maýa goýmagy meýilleşdirýär we agyr salgytlara garşy tagalla edýär.

Hindistanyň elektrikli ulag satuwy 2024-nji ýylda jemi 4,3 million awtoulag satuwynyň diňe 2,5 göterimini emele getirdi.

Tata Motors firmasy şol satuwda esasy orny eýeledi. Hökümet şol sany 2030-njy ýyla çenli 30 göterime ýetirmek isleýär.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us