Ýaponiýada geçirlen soňky sowalama görä, hüjümlerden halas bolanlaryň 70 göterimi, ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyndan gorkýar.
“Kýodo” habarlar gullugynyň ýekşenbe güni çap edilen sowalnamanyň netijeleri hakynda habarynda, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri we Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragyna eýe bolmak üçin edýän tagallasynyň şol aladalaryň artmagyna sebäp bolýandygyna ünsi çekdi.
ABŞ-nyň Hiroşima we Nagasaki atom bombasy bilen guran hüjümleriniň 80 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirlen sowalnama 1500 adam gatnaşdy.
Sowalnama gatnaşanlaryň 68,6 göterimi ýadro ýaraglarynyň ulanylmak howpunyň artandygyny nygtaýar.
Solwanama gatnaşanlaryň 45,7 göterimi ABŞ-ny hüjümler sebäpli “bagyşlamandygyny”, 24,3 göterimi “hiç hili duýgusynyň ýokdygyny”, 16,9 göterimi bolsa “bilmeýändigini” nygtaýar.
ABŞ 80 ýyl ozal, II jahan urşunyň soňky günlerinde Ýaponiýanyň Hiroşima we Nagasaki şäherine atom bombasyny atypdy.
1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hiroşima atylan ilkinji bomba 140 müň adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.
Üç gün soň 9-njy awgustda Nagasaki şäherine atylan ikinji bomba bolsa ýene-de 70 müň adamyň aradan çykmagyna sebäp boldy.
Ýaponiýanyň 1945-nji ýylyň 15-nji awgustynda boýun egmegi netijesinde II jahan urşy resmi taýdan bes edildi.