SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp, Ukraina hüjüminden soň Putiniň “huşyny ýitirendigini” aýtdy
Trampyň Ukraina guralan soňky bombaly hüjümler sebäpli Russiýa goýlan sanksiýalaryň artdyrlyp bilinjekdigini aýtdy.
Tramp, Ukraina hüjüminden soň Putiniň “huşyny ýitirendigini” aýtdy
26 Maj 2025

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putini tankyt eden ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň hepdäniň ahyrynda Ukraina guran bombaly hüjümi sebäpli onuň huşuny ýitirendigini aýtdy.

Tramp, Trut Sosial platformasyndan beren habarnamasynda “Dolulygyna huşuny ýitiripdir. Bigünä adamlary öldürýär” diýip belledi.

Bu çaknyşykdan çetde durmaga çalyşýandygyny nygtan Tramp, “Bu Zelenskiýniň, Putiniň we Baýdeniň söweş, Trampyň däl. Men diňe bu ýangynlary söndürmäge çalyşýaryn” diýdi.

Tramp, Putiniň diýseň köp adamy öldürendigini aýdypdy.

Tramp ýekşenbe güni Nýu-Žerside beren beýannamasynda “Men onuň näme üçin beýle hereket edýändigini bilemok. Oňa näme boldy? Huşyny ýitirdimi? Ol köp adamy öldürýär. Men mundan hoşal däl” diýipdi.

Tramp, Russiýanyň ýekşenbe güni paýtagt Kiýew bilen birlikde birnäçe şähere guran raketa hüjümlerine garşylyk görkezdi. Russiýanyň Ukraina garşy 367 dron bilen guran howa hüjümlerinde azyndan 12 adam ýogalypdy, onlarça adam ýaralanypdy.

Tramp, üç ýyldan bäri dowam edýän Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin tagalla edýär.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň geçen hepde Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşligi iki sagatdan gowrak dowam edipdi.

Tramp, “Onuň bilen hemişe aram gowy boldy. Emma şäherlere raketa hüjümini guramagy we ynsanlary öldürmegi dogry däl”diýip belledi.

Tramp, geçen hepde Ýewropa ýurtlarynyň liderleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Putiniň Ukrainadaky söweşi bes etmäge taýar däldigini sebäbi özüni ýeňiji hasap edýändigini aýdypdy.

Has köp sanksiýa goýlup bilnermi?

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, hüjümlerini dowam etdirýän Russiýa garşy has köp sanksiýanyň goýulmagy meselesini gün tertibine getirdi.

Tramp ýekşenbe güni Nýu-Žerside howa menzilinde beren beýannamasynda, hüjümlerini dowam etdirýän Russiýa garşy goýlan sanksiýalaryň artdyrlyp bilinjekdigini aýtdy.

Bu beýanat, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň geçen hepde Kongresde eden çykyşyna bap gelmeýär.

Rubio, Trampyň sanksiýalayň artdyrylmagy baradaky hemlesiniň ruslaryň gepleşik stolyndan çekilmegine sebäp bolup biljekdigini aýdypdy.

Putin Ukraina üç ýyldan bäri guraýan hüjümlerini bes etjekdigi barada hiç hili wada bermedi, diňe Moskwanyň parahatçylyk talaplaryny beýan edýän “memorandumyň” üstünde işlemegi teklip etdi.

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us