Prezident R. T. Erdogan, Ermenistanyň Premýer-minisrti Nikol Paşinýan bilen Stambulda duşuşdy we sebitara parahatçylyk taýdan taryhy başlangyç hökmünde häsiýetlendirlen giň gerimli gepleşikler geçirdi.
Anna güni Dolmabahçe köşgünde bolan duşuşyk bir sagatdan gowrak dowam etdi.
Duşuşykdan soň berlen beýannamada, Türkiýäniň Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky parahatçylyk tagallalaryna goldaw berjekdigi nygtaldy.
Beýannamda, Erdogan bilen Paşinýanyň Türkiýäniň we Ermenistanyň goňşusy Eýrana guralýan hüjümler hakynda pikir alyşandygy bellenildi.
Prezident Erdogan, häzirki şertlerde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerinde gazanylan ylalaşygyň ähmiýetine ünsi çekdi we Türkiýäniň sebitde özära bähbide esaslanýan ähli tagallalara doly goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Duşuşykda Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky kadalaşma etabynda ýetilen sepgidiň hem seljerlendigi bellenildi.
Prezident Erdogan, Paşinýana Türkiýänin diňe bir Kawkazda däl eýsem tutuş sebitde durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýändigini we esasan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy sebäpli abanýan howplaryň öňüni almak üçin liderler bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Paşinýan Ermenistan bilen bolan duşuşygyndan hoşal
Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, duşuşykdan soň X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Erdogan bilen “Ermenistan-Türkiýe kadalaşma etaby we sebitara mesleler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.
Paşinýan, Erdogana “Ermenistanyň sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny isleýändigini aýdym” diýdi.
Paşinýanyň Türkiýe saparynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Ermenistanyň Parlamentiniň başlygy Alen Simonýan, saparyň ähmiýetine ünsi çekip, “Sebitdäki ähli meseleler seljerler” diýdi.
Azerbaýjan bilen başdan geçirilýän dartgynlyklara alada bildirýändigini aýdan Simonýan “Azerbaýjan bilen söweş howpy gaty az, emma şeýlede bolsa şol howpuň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edilmeli. Paşinýanyň Türkiýe sapary bu nukdaý nazardan diýseň möhüm” diýip belledi.
Bu sapar, iki ýurduň diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmegi we uzak ýyllardan bäri dowam edýän sebitara çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagy taýdan diýseň möhüm.
Synçylar, bu sapary Günorta Kawkazda dartgynlygyň azalmagy taýdan möhüm başlangyç hökmünde analiz edýär.
Paşinýanyň saparyndan bir gün öň penşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkiýä gelipdi we Erdogan bilen duşuşypdy. Aliýew saparynyň çäginde Türkiýe-Azerbaýjan hyzmatdaşlygyny “diňe sebitleýin däl eýsem halkara derejesinde möhüm faktor” hökmünde häsiýetlendirdi.
Erdogan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady.
Paşinýan ozal 2023-nji ýylda Erdoganyň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirlen dabara gatnaşmak üçin Türkiýä gelipdi. Şol döwürde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentligine gaýtadan saýalanan Erdogan gutlan ilkinji liderlerden biri bolupdy.
Ankara bilen Ýerewan 2021-nji ýylyň ahyrynda, Ermenistanyň Garabag söweşinde Azerbaýjandan ýeňilmeginden bir ýyl soň kadalaşmaga başlapdy.
2022-nji ýylda Türkiýe bilen Ermenistan iki ýyl soň uçar saparlaryny guramaga başlapdy.