TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdogan gutlag ýüzlenmesinde Gazada we beýleki çaknyşyk sebitlerinde raýdaşlyk çagyrşyny berdi
Prezident Erdogan Türkiyäniň Palestinadaky eden-etdilikleriň bes edilmegi we Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň adalatly parahatçylyk bilen tamamlanmagy baradaky ygrarlylygyny beýan etdi.
Erdogan gutlag ýüzlenmesinde Gazada we beýleki çaknyşyk sebitlerinde raýdaşlyk çagyrşyny berdi
June 5, 2025

Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gurban baýramy mynasybetli dünýädäki ähli musulmanlary gutlap, Palestinanyň halky we beýleki çaknyşyk sebitlerindäki halklar bilen raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi.

Erdogan penşenbe güni çap eden wideo gutlag ýüzlenmesinde: “Gazada we beýleki basyp alyşlyk astyndaky sebitlerde mertlerçe göreş alyp barýan, Ysraýylyň ähli wagşyçylygyna garşy batyrgaýlyk bilen göreşýän palestinaly doganlarymyzy hem ýurdumyň adyndan hem-de milletimiň adyndan hormat bilen salamlaýaryn, Gurban baýramlaryny tüýs ýüregimden gutlaýaryn” diýip belledi.

Mundan başgada Gazada ýogalan adamlary hatyralap: “Hüjümlerde şehit bolan ähli gazaly doganlarymyzy hormat bilen hatyralaýarys, ýaralanan adamlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýip nygtady.

Prezident Erdogan Gaza, Sudan we Somali ýaly çaknyşyklaryň täsir ýetiren sebitlerdäki durnuksyzlygyň iň gysga wagtda bes edilmegini diledi.

Elhenç urşuň bes edilmeği ugrunda taryhy ädim

Erdogan Türkiyäniň Palestinadaky elhenç hüjümleri bes etmek babatyndaky tutanýerliligini nygtap geçip: “Palestinadaky genosid bes edilmelidir, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky urşuň adalatly parahatçylyk bilen netijelenmegi üçin elimizden gelen tagallany edýäris” diýdi.

Diplomatik tagallara ünsleri çeken Erdogan, 2-nji iýun duşenbe güni Stambulda geçirlen maslahaty göz öňünde tutup, ony “Dördünji ýylyna giren elhenç urşuň bes edilmegi ugrunda taryhy ädim” diýip häsýetlendirdi.

Goňşy Siriýanyň hem üstünde durup geçen Erdogan, Türkiyäniň ýurduň täze dolanşygynyň tagallalaryny takdyr edýändigini belledi we Siriýanyň milli jebislik, territorial bütewilik we uzak möhletleýin galkynyş maksatnamalaryny goldaýandygyny beýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us