Germaniýalylaryň esasy bölegi Gazadaky harby hüjümleri we palestinalylara ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýändigi sebäpli Ysraýyla ýaragyň eksport edilmegine garşy durýar.
“Der Tagesspiegel” gazeti üçin Jiweý tarapyndan geçirlen sowalnamada, sowalnama gatnaşanlaryň 51 göteriminiň Ysraýyla ýaragyň eksport edilmegine garşydygyny görkezdi. Sowalnama gatnaşan 5 adamdan 4-i ýarag eksportuna garşy durýar.
Federal Kansler Merziň ýolbaşçylygyndaky Hristian demokratlaryň arasynda 34 göterimlik gatlak, Ysraýyla ýaragyň eksport edilmegine garşy. Hristian demokratlaryň 22 göterimi bu meselede kararsyz.
Şäriklik hökümetiniň agzasy Sosial demokratlaryň 48 göterimi hem Ysraýyla ýaragyň eksport edilmegini nädogry hasaplaýar.
Sowalnama şeýle hem resmi Berliniň Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunuň hökümetinden çetde durmagyny isleýän jemgyýetçilik talaplarynyň artýandygyny görkezdi.
Sowalnama gatnaşanlaryň 44 göterimi Ysraýyla garşy berk tutum alyp barýar. Şol san 2023-nji ýylda 33 göterime barabardy.
Sowalnama gatnaşanlaryň 23 göterimi bolsa Ysraýylyň hökümeti bilen ýakyndan gatnaşyk edilmegine goldaw berdi.
2025-nji ýylyň maý aýynyň 23-26-sy aralygynda geçirlen sowalnama 18 ýaşyndan ýokary bolan 3 müňden gowrak adam gatnaşdy.