16-njy Halkara opera festiwaly Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet Opera we Balet baş müdürligi tarapndan maý aýynyň 10-y bilen iýun aýynyň 3-i aralygynda geçirler.
Festiwalyň çäginde dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan halkara sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda 11 eser sahnalaşdyrlar we 20 çäre geçirler.
Festiwalyň şu ýylky çäreleri Stambulda Atatürk medeniýet merkezi AKM-de, Türk Telekom opera sahnasynda, AKM Teatr zalynda we Kadyköý Süreýýa opera sahnasynda geçirler.
Stambulyň Döwlet Opera we Balet baş müdüri Janer Akgün, Anadoly habarlar gullugyna festiwal hakynda beýannama berdi.
Akgün beýannamasynda festiwalyň 10-njy maýda açylyş konserdi bilen başlajakdygyny aýtdy.
Janer Akgün, Halkara Stambul Opera festiwalynyň 3-nji iýunda San Peterburgdan Eifman balediniň sahnalaşdyrjak “Rus Hamlet” baledi bilen tamamlanjakdygyny belledi.
Opera muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlaryň garaşýandygyny nygtan Akgün, “10-njy maýda Sofiýa Filarmoniýa orkestriniň dirižýory Naýden Todorowyň ýolbaçylygynda gala konserdi bolar. Konsert 2008-nji ýylda aradan çykan türk sopranoçy Leýla Genjeri hatyralamak maksady bilen geçirler” diýdi.
Festiwalyň çäginde türk kompozitor Ahmet Adnan Saýgunyň “Gilgameş” operasiýa hem sahnalaşdyrlar. Saýgun 1991-nji ýylda aradan çykypdy.
Festiwalyň çäginde 29-njy maýda Bolgariýanyň meşhur Sofiýa Opera we baledi “Elektra” we 31-nji maýda San Peterburgdan gelen Eifman Baledi “Anna Karenina” atly eseri sahnalaşdyrlar.