Eýran ABŞ-nyň araçylyk etmeginde gazanylan ýaraşykdan soň, Ysraýyl bilen iki hepde dowam eden çaknyşyklara arakesme berilmegi bilen howa giňişliginiň bir bölegini gaýtadan açandygyny habar berdi.
Eýranyň Ýollar we Şäher ösüş ministrliginiň metbugat sekretary Mejid Ahawan penşenbe güni x platformasyndan beren beýanatynda: “Ýurduň gündogaryndaky howa giňişligi, içerki gatnawlar we halkara uçar saparlar bilen tranzit uçar gatnawlary ýaňadandan açyldy” diýdi we Tährandaky Mehrabad we Ymam Humeýni halkara howa menzillerine amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylandygyny mälim etdi.
Bu ädim Ysraýylyň 13-nji iýunda Eýranyň ýadro we harby nyşanalaryna eden hüjümleri bilen başlanan 12 gün dowam eden dartgynlykdan soň boldy.
Waşingtonyň araçylyk etemginde ýola goýlan ýaraşyk iki tarapyň hem yza ädim etmegine elten hem bolsa, sebitdäki dartgynlyk ýokary bolmagynda galýar.