Russiýanyň Ukrainanyň serhediniň golaýyndaky Brýansk sebitinde köprüleriň biriniň çökmegi netijesinde azyndan 7 adam ýogaldy. Sebitiň gubernatory Aleksandr Bogomaz, Moskwa Demir ýollary edarasynyň bu wakany “transport amallaryna bikanun hereket” hökmünde häsýetlendirendigini habar berdi.
Brýansk sebitiniň gubernatory Aleksandr Bogomaz şenbe güni Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Köprüniň demir ýol relsleriniň çökmegi netijesinde 7 adam ýogaldy. Ikisi çaga bolan ýaralanan jemi 30 adam Brýansk sebitindäki saglygy goraýyş edaralaryna gönükdirildi” diýdi.
Moskwa demir ýollary edarasy: “Klimow bilen Moskwanyň arasyndaky awtoulag köprüsiniň çökmegi netijesinde otly relsden çykdy we ol transport amallaryna bikanun hereket sebäpli boldy” diýip habar berdi.
Bogomaz adatdan daşary ýagdaýlar toparynyň we hökümet resmileriniň wakanyň bolan ýerinde iş alyp barýandyklaryny belläp: “Zyýan çeken adamlara kömek berilmegi üçin ähli zatlar edilýär” diýip nygtady.