DÜNÝÄ
2 minut okamak
Demirgazyk Koreýa, Russiýa şertsiz goldaw bermegi wada berýär
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen In, Sergeý Şoýgu bilen bolan duşuşygynda Russiýa harby taýdan goldaw berjekdiklerini aýtdy.
Demirgazyk Koreýa, Russiýa şertsiz goldaw bermegi wada berýär
hace 6 horas

Demirgazyk Koreýanyň KJNA habarlar gullugy, çarşenbe güni beren habarynda, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen İniň, Russiýa bilen baglaşylan Giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk şertnamasynyň şertlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdikleri mälim edendigini habar berdi.

Kim sişenbe güni Phenýanda Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň baş sekretary Sergeý Şoýgu bilen duşuşdy.

Demirgazyk Koreýanyň lideri duşuşykda, Russiýanyň özygtyýarlyk, territorial bitewilik we halkara adalat göreşine şertsiz goldaw berjekdiklerini aýtdy.

2024-nji ýylyň iýun aýynda Phenýanda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Kim Çen Iniň gatnaşmagynda Giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşylypdy.

Demirgazyk Koreýa şol şertnamanyň baglaşylmagyndan soň Ukraina garşy söweşmek üçin Russiýa müňlerçe esger ugratdy.

Ady agzalýan şertnama taraplardan birine üçünji ýurt tarapyndan hüjüm edilen halatynda harby taýdan goldaw berilmegini öz içine alýar.

Demirgazyk Koreýa Russiýa müňlerçe esger ugradar

Kim bilen Şoýgu “Kursk sebitini halas ediş operasiýalarynda Koreýa Halk goşunynyň esgerleriniň görkezen gahrymançylygynyň dowam etdirilmegi meselesi hakynda pikir alyşdy.

Soňky iki hepde-de ikinji gezek Phenýana baran Şoýgu sişenbe güni beren beýannamasynda Demirgazyk Koreýanyň Ukraina serhedindäki Kursk sebitine mina saplaýyş we sebitiň gaýtadan dikeldiş işlerine goldaw bermek maksady bilen 1000 harby inžener we 5 müň harby gullukçy bilen jemi 6 müň işgär ugratjakdygyny aýtdy.

KJNA-nyň berýän habaryna görä, Kim Russiýa bilen baglaşylan şertnama hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny belledi.

Ýonhap Nýusyň habaryna görä, Günorta Koreýa çarşenbe güni Phenýanyň Russiýa 6 müň hünärmen ugratmak baradaky kararyna alada bildirýändigini mälim etdi.

Habarda bu kararyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna bap gelmeýändigi nygtaldy.

Habara görä, Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Demirgazyk Koreýa bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän bikanun hyzmatdaşlyga uly adala bildirýäris we resmi Phenýanyň bu kararyndan gyssagly ýüz öwürmegi üçin çagyryş berýäris”diýildi.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us