DÜNÝÄ
2 minut okamak
Polşada geçirlen prezident saýlawynda Karol Nawroskiý üstünlik gazandy
Polşada geçirlen prezident saýlawynda liberal bäsdeşi Rafal Trzaskowsini ýeňen konserwatiw dalaşgär Karol Nawroskiý üstünlik gazandy.
Polşada geçirlen prezident saýlawynda Karol Nawroskiý üstünlik gazandy
June 2, 2025

Polşada hepdäniň ahyrynda geçirlen prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda konserwatiw dalaşgär Karol Nawroskiý üstünlik gazandy.

Karol Nawroskiý saýlawda sesleriň 50,89 göterimini, liberal dalaşgär Warşowanyň şäher häkimi Rafal Trzaskowksiý bolsa sesleriň 49,11 göterimini aldy.

Konserwatiw dalaşgär liberal bäsdeşi Rafal Trzaskowksiýi ýeňmegi başardy.

Taryhçy we höwesjeň 42 ýaşyndaky boksçy Karol Nawroskiý saýlaw kampaniýasynda ykdysady we sosial syýasatlaryň goňşy ukrainadan gelen bosgunlardan köp polýaklaryň bähbidine hyzmat etjekdigini aýdypdy.

Polşada parlament esasy ygtyýara eýe bolsa-da prezidentiň kanunlary weto etmek hukugy bar. Şol sebäpli Ukraina, Russiýa we ABŞ bilen birlikde ÝB-ne agza ýurtlar saýlaw etaby bilen ýakyndan gyzyklandy.

“Ilki Polşa, ilki polýaklar”

Karol Nawroskiý, Russiýa garşy söweşde goňşy ýurt Ukraina berilýän goldawyň dowam etjekdigini mälim etdi emma bosgunlara berilýän kömege nägilelik bildirdi. Kiýewiň ÝB-ne we NATO agzalygyna garşy durýan Karol Nawroskiýniň prezidentlige döwründe Polşanyň Ukraina bilen edýän gatnaşyklarynyň gowşajakdygy aýdylýar.

Karol Nawroskiýi goldaýanlaryň esasy bölegi bosgunlar meselesinde has berk çäklendirmelegiň girizilmegini, konserwatiw jemgyýetçilik gymmatlyklaryň goralmagyny we Polşanyň ÝB-de täsiriniň güýçlenmegini isleýär.

Karol Nawroskiý hem saýlaw kampaniýasyny “Ilki Polşa, ilki polýaklar” şygary bilen alyp barypdy.

Saýlaw etabynda Ak Tamda saparda bolan Karol Nawroskiý, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “özüne saýlawda üstünlik gazanarsyn” diýendigini aýdypdy.

Geçen hepde Polşada konserwatorlar tarapyndan geçirlen konferensiýa gatnaşan ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem hem konserwator dalaşgäre goldaw berýändigini mälim edipdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us