“Ze Taýmes of India” gazeti, Russiýanyň Hindistana S-400 howa goranyş ulgamlaryny gowşuryş etabynyň 3 ýyl yza süýşürlip bilinjekdigini habar berdi.
Meseläniň penşenbe güni Russiýanyň Goranmak ministri Andreý Belousow bilen Hindistanyň Goranmak ministri Ražnat Sinhiň arasynda bolan duşuşykda seljerlendigi nygtaldy.
Mesele hakynda anna güni berlen resmi beýannamada, iki tarapyň S400 howa goranyş ulgamlarynyň gowşurlyş etaby bilen birlikde Hindistanyň Su-30 kysymly harby uçarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Iki ýurduň Goranmak ministri Hytaýda geçirlen Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň çäginde möhüm duşuşyk geçirdi.
Täzeden gözden geçirlen meýilnama, 2018-nji ýylda baglaşylan 5,4 milliard dollarlyk şertnamany öz içine alýar. Şertnama laýyklykda Hindistan 2024-nji ýyla çenli Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Rosoboronexportdan 5 sany S-400 howa goranyş ulgamyny kabul edip almalydy.
Bir sany S-400 ulgamy umuman iki batareýadan ybarat bolup 380 kilometre (236 mil) çenli howa howplaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek üçin neýetlenen 128 raketa bilen üpjün edilýär. Ulgam şeýle hem radar bölümlerini we ýoldan çykyp bilýän ulaglary öz içine alýar.
“Za Taýmes of India” gazeti, howa goranyş ulgamlarynyň gowşurlyş etabynyň 2027-nji ýyla çenli dowam edip biljekdigini mälim etdi.
Russiýanyň S-400 howa goranyş ulgamy, Günbatar tarapyndan goldanýan we üç ýyldan bäri dowam edýän Ukraina söweşi sebäpli uly kynçylyga sezewar boldy.
Hindistan 1996-njy ýylda Su-30 uçarlaryny almaga başlapdy we şol günden bäri rus goranyş enjamlaryny satyn alýan esasy ýurtlardan biri bolmaga dowam edýär. Emma soňky ýyllarda Täze Deliniň ünsüniň Günbatarda we Ysraýylda öndürlen ýaraglara gönügendigi nygtalýar.
Maý aýynyň başynda Hindistan bilen Pakistan biri-birine raketa hüjümi gurady. Pakistan Hindistana degişli birnäçe uçary urup düşürendigini habar berdi. Urlup düşürlen uçarlaryň arasynda Fransiýada öndürlen Rafale uçarlarynyň hem bardygy nygtalýar.