Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Ysraýyl-Eýran dartgynlygynyň gowşamagy üçin şu gün Eýranyň Prezidenti Pezeşkiýan we Russiýanyň Prezidenti Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan, Türkiýäniň dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla etmäge taýardygyny nygtap, taraplara gepleşik geçirmekleri üçin çagyryş berdi.
Prezident Erdogan eýranly kärdeşi Pezeşkiýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyk hakynda pikir alyşdy.
Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.
Putin bilen geçirlen telefon söhbetdeşligi
Prezident Erdogan Ysraýyl-Eýran çaknyşy we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar boýunça Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan, Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümleriniň sebitiň durnuklylygyna wehim salýandygyny nygtady.
Erdogan Ysraýylyň halkara hukugyna äsgermezçilik etmegini halkara ulgam üçin açyk howp hökmünde häsiýetlendirdi.
Diplomatik tagallalaryň diýseň möhümdigini nygtan Erdogan, sebitiň täze söweşiň hötdesinden gelip bilmejekdigini belledi.
Türkiýäniň diplomatik tagallalaryna ünsi çeken Erdogan, Eýran bilen arabaglanşykly meseleleriň gepleşik arkaly çözülmelidigini ýatlatdy.
Erdogan, soňky hüjümler sebäpli Gazadaky gumanitar krizise bolan ünsiň başga tarapa sowulmaly däldigine ünsi çekdi.
Erdoganyň aladalaryna düşünýändigini aýdan Putin, hüjümleriň gyssagly bes edilmegine we diplomatik çözgüt üçin amatly şertiň döredilmegine goldaw berýändigini nygtady.
Sebitde dartgynlygyň ýokarlamagy
Sebitdäki dartgynlyk Ysraýylyň anna güni Eýrandaky harby merkezlere we ýadro desgalaryna guran howa hüjümlerinden soň has-da möwjedi. Tähran hem ar almak maksady bilen Ysraýyla garşy hüjüm guramaga başlady.
Ysraýylly ýolbaşçylar anna gününden bäri Eýranyň guraýan raketa hüjümlerinde azyndan 24 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Eýran hem Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 224 adamyň ýogalandygyny we 1000-den gowram adamyň ýaralanandygyny habar berdi.