Prezident R. T. Erdogan anna güni Azerbaýjanda geçirlen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen duşuşdy.
Prezident Erdogan duşuşykda Türkiýe bilen Pakistanyň arasynda esasan söwda we energetika pudagy boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media platformasyndan beren habarnamasyna görä, Erdogan bilen Şerif Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirlen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitiniň çäginde duşuşdy. Iki lider duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Erdogan, Ysraýyl tarapyndan Gaza guralýan hüjümleriň bes edilmeginiň we sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk
Pakistanyň Premýer-ministrliginden berlen beýannama görä, iki ýurduň lideri özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn pugtalandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Söwda, energetika, goranyş senagaty ýaly birnäçe ugur boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmalydygyna üns çekildi.
Pakistanyň Premýer-ministri Şerif, “Türkiýe bilen sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis” diýdi.
Duşuşyga Daşary işler ministri Hakan Fidan, Maşaga we sosial hyzmatlar ministri Mahinur Özdemir Göktaş, Söwda ministri Ömer Bolat, Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun bilen Prezidentiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça kömekçisi Akif Çagataý Kylyç hem gatnaşdy.