SYÝASAT
2 minut okamak
Ermenistanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
Ýerewan tarapyndan “taryhy ädim” hökmünde häsiýetlendirlen başlangyjyň çäginde Nikol Paşinýanyň Türkiýede saparda bolmagyna garaşylýar.
Ermenistanyň Premýer-ministri Türkiýede saparda bolar
6 hours ago

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň 2025-nji ýylyň 20-njy iýununda Türkiýede saparda boljakdygyny mälim etdi.

Nikol Paşinýanyň iş saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan Stambulda kabul ediljekdigi nygtaldy.

Fahrettin Altun habarnamasynda “Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan 2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda ýurdumyza iş saparyny gurar. Prezidentimiz Jenap R. T. Erdogan, Jenap Paşinýany Stambulda kabul eder” diýdi.

Bu sapar Ermenistan Respublikasyndan Premýer-ministr derejesinde Türkiýä guraljak ilkinji sapar bolmagy taýdan öwrülşik nokady hökmünde analiz edilýär.

Ermenistanyň Parlamentiniň başlygy Alen Simonýan, saparyň ähmiýetine ünsi çekip, “Sebitdäki ähli meseleler seljerler” diýdi.

Azerbaýjan bilen başdan geçirilýän dartgynlyklara alada bildirýändigini aýdan Simonýan “Azerbaýjan bilen söweş howpy gaty az, emma şeýlede bolsa şol howpuň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edilmeli. Paşinýanyň Türkiýe sapary bu nukdaý nazardan diýseň möhüm” diýip belledi.

Bu sapar, iki ýurduň diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmegi we uzak ýyllardan bäri dowam edýän sebitara çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagy taýdan diýseň möhüm.

Synçylar, bu sapary Günorta Kawkazda dartgynlygyň azalmagy taýdan möhüm başlangyç hökmünde analiz edýär.

Paşinýanyň saparyndan bir gün öň penşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew Türkiýä gelipdi we Erdogan bilen duşuşypdy. Aliýew saparynyň çäginde Türkiýe-Azerbaýjan hyzmatdaşlygyny “diňe sebitleýin däl eýsem halkara derejesinde möhüm faktor” hökmünde häsiýetlendirdi.

Erdogan, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Paşinýan ozal 2023-nji ýylda Erdoganyň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirlen dabara gatnaşmak üçin Türkiýä gelipdi. Şol döwürde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentligine gaýtadan saýalanan Erdogan gutlan ilkinji liderlerden biri bolupdy.

Ankara bilen Ýerewan 2021-nji ýylyň ahyrynda, Ermenistanyň Garabag söweşinde Azerbaýjandan ýeňilmeginden bir ýyl soň kadalaşmaga başlapdy.

2022-nji ýylda Türkiýe bilen Ermenistan iki ýyl soň uçar saparlaryny guramaga başlapdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us