Onuň aklawçysy: “Amerikaly alym Taýlandyň monarhiýasyny kemsitmekde aýyplanyp, sişenbe güni tussag edildi” diýip, habar berdi. Bu waka, daşary ýurtly raýatyň Taýlandyň gylarnyksyz berjaý edilýän "lese-majeste" kanunlaryna garşy durmak bilen bagly seýrek ýagdaýlaryň biridir.
Paul Çambers, on ýyldan gowrak wagt bäri Taýlandda Günorta-Gündogar Aziýa syýasaty boýunça ders berýär. “Ol deslapky tussaglykda saklanýar we kepillik bilen boşadylmak boýunça ýüz tutmasynyň netijesine garaşýar”, diýip onuň aklawçysy Wannaphat Jenrumjit aýtdy.
Taýlandyň Patyşasy Maha Waçiralongkorn we onuň maşgala agzalary "lese-majeste" kanuny arkaly kemsitmelerden we tankytlardan goralýar. Bu kanuny bozmak her bir günäkärleme üçin 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilme jezasyny göz öňünde tutýar.
Taýlandyň harbylary demirgazyk Taýlanddaky Naresuan uniwersitetiniň mugallymy Çambersiň şu ýyl geçirilen onlaýn diskussiýa bilen bagly ýazan makalasy sebäpli kazyýete ýüz tutdy.
Oňa bu günäkärleme hakynda geçen hepde habar berildi we sişenbe güni demirgazyk Phitsanulok welaýatynyň içeri işler bölümine çagyryldy.
"Biz ähli jikme-jiklikleri barlamaly, ýöne günäkärlenýän adam özüne bildirilen aýyplamalary kabul etmedi we men kanunyň ony gorajakdygyna ynanýaryn," diýip aklawçy Wannaphat aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti beren beýanatynda bu tussaglygyň "hüşgärlige sebäp bolandygyny" we " ABŞ-nyň daşary ýurtlardaky raýatlaryna kömek bermek boýunça borjuny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigini" mälim etdi.
"Bu waka, Taýlandda “lese-majeste” kanunlarynyň ýerine yetirilişi baradaky uzak möhletli aladalarymyzy güýçlendirýär. Biz Taýlandyň häkimiýetlerini söz azatlygyna hormat goýmaga çagyrmaga dowam etdirýäris," diýip beýanatda bellenildi.
Çambers geçen hepde metbugata beren beýanatynda bu ýagdaýyň özüni "gorkuzandygyny" aýtdy, ýöne ABŞ-nyň ilçihanasy hem-de uniwersitetdäki kärdeşleri tarapyndan goldanylýandygyny beýan etdi.
Şalygy kemsitmek hakyndaky kodeksi boýunça günäkärlemeler soňky ýyllarda köpeldi we synçylar şol kodeksiň garşylyk görkezýänleri basyp ýatyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.
Taýlandyň Adam Hukuklary boýunça Aklawçylar Guramasy (TLHR) daşary ýurtly raýatyň şeýle aýyplamalar bilen günäkärlenmeginiň "seýrek" ýagdaýdygyny beýan etdi.
Halkara gözegçilik guramalary alymlara, aktiwistlere we hat-da talyplara garşy şol kodeksiň ulanylyşynyň ýaýbanlanmagyna alada bildirdiler.
Geçen ýyl demirgazyk Taýlandda bir adam “lese-majeste” üçin azyndan 50 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 2021-nji ýylda bolsa bir zenan 43 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
2023-nji ýylda bolsa bir adam patyşany kemsidýän rezin ördek şekilli satiriki senenamalary satandygy üçin iki ýyl azatlykdan mahrum edildi.