DÜNÝÄ
1 minut okamak
Siriýa Damaskyň töwereklerinde DEAŞ-a degişli terror öýjüklerini ýok edýär
Asadyň häkimiýetden çetleşdirilmeginden soň terrora garşy tutanýerli göreş alyp barýan Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri Gutanyň günbatarynda ýaraglary we partlaýjy maddalaryny ele geçirdi, DEAŞ şübhelililerini tussag etdi.
Siriýa Damaskyň töwereklerinde DEAŞ-a degişli terror öýjüklerini ýok edýär
27. Mai 2025

Siriýanyň Içeri işler ministrligi, hepdäniň dowamynda paýtagt Damaskyň töwereklerinde DAEŞ-a degişi terror öýjükleriniň ýok edilendigini mälim etdi.

Içeri işler ministrligiň ýolbaşçysy Hussam al Tahan, ýekşenbe güni terror öýjükleriniň hatardan çykarlandygyny we köp sanly ýarag bilen partlaýjy maddasynyň ele geçirlendigini aýtdy.

Al Tahan düýn beren beýannamasynda terrora garşy operasiýalaryň Al Kiswah, Al Magiliba we Zakiýan etrapçalarynda we Gutanyň günbatarynda geçirlendigini belledi.

Beýannamada, toparyň ýaraglary we partlaýjy maddalaryny sebiti durnuksyzlaşdyrmak üçin ulanmagy meýilleşdirlendigi nygtaldy, hökümetiň agdarlandygyna garamazdan DAEŞ howpunyň dowam edýändigine üns çekildi.

Wagtlaýyn hökümet operasiýalaryny dowam etdirýär

Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri, geçen ýylyň dekabr aýynda Başar Asadyň wezipesinden çetleşdirilmeginden we onuň Russiýa sürgün edilmeginden soň başbozarlara we terrorçylara garşy geçirýän operasiýalarynyň depginini güýçlendirdi.

Ýanwar aýynda Siriýanyň wagtlaýyn hökümetiniň täze prezidenti bolan Ahmed Şara, terrora garşy göreşe uly ähmiýet berýär.

Ýekşenbe güni geçirlen operasiýada, Siriýanyň günorta günbataryndaky terror öýjükleri nyşana alyndy.

Ýolbaşçylar, razwetka gullugynyň maglumatlaryna laýyklykda ozal meýilleşdirlen birnäçe hüjümiň öňüniň alynandygyny mälim etdi.

 

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us