DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistan: Geçen hepde Hindistan bilen bolan çaknyşyklarda asuda ilatdan 40 adam we 11 esger ýogaldy
Hindistan we Pakistan giň gerimli çaknyşyga başlamadan ozal ýaraşyk ylalaşygyny baglaşandyklaryny habar berdiler.
Pakistan: Geçen hepde Hindistan bilen bolan çaknyşyklarda asuda ilatdan 40 adam we 11 esger ýogaldy
13 مايو 2025

Pakistanyň goşuny sişenbe güni beren beýanatynda, ýadro güýçlerine eýe bolan bäsdeşleriň arasynda geçen hepdäniň ahyrynda baglaşylan ýaraşyk ylalaşygynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan yglan edilmeginden soň, Hindistan bilen başdan geçirlen ýaragly çaknyşykda 11 esgeriň we asuda ilatdan 40 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Goşun tarapyndan berlen beýanatda: “Asuda ilatdan 40 adam ýogaldy, şolaryň hatarynda 7 zenan we 15 çaga bar. Şeýle hem 121 adam ýaralandy” diýildi.

Beýanatda mundan başgada goşundan we Harby-howa güýçlerinden 11 esgeriň ýogalandygy we 78 esgeriň ýaralanandygy mälim edildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us