Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan sişenbe güni Azerbaýjan bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekilmegini we ÝHHG-nyň Minsk toparynyň dargadylmagy bilen baglanşykly resminamanyň hem şol wagtda kabul edilmeigini teklip etdi.
Ermenistanyň paýtagty Ýeriwan şäherindäki Milli mejlisde çykyş eden Nikol Paşinýan: “Azerbaýjanyň ÝHHG-nyň Minsk toparynyň dargadylmagy ugrunda edýän tagallalaryna düşünýäris. Hakykatdan hem eger Garabag meselesine degişli sahypany ýapjak bolsak, elbetde sahypany ýapýarys, onda bu meseläniň çözüwini maksat edinýän bir formata zerurlygymyz barmy?” diýip nygtady.
Emma Paşinýan, ÝHHG-nyň Minsk toparynyň has giňişleýin kontekstiniň bardygyny we Ýeriwanyň Azerbaýjanyň bu soňky ädimini “öz çägindäki konflikti tamamlap, Ermenistanyň territoriýasyna geçirmek” hökmünde görmeýändigine göz ýetirmek isleýändigini habar berdi.
Paşinýan: “Biz parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagy we ÝHHG Minsk toparyny dargatmagy bir wagtda teklip edýäris. Ýagny, iki resminama bir günde gol çekilmegini teklip edýäris” diýip mälim etdi.
Azerbaýjan Paşinýanyň bu teklibine entek jogap bermedi.
Garabag urşy
1992-nji ýylda döredilen ÝHHG Minsk topary, Fransiýa, Russiýa we ABŞ tarapyndan ýolbaşçylyk edilip, Garabag meselesiniň çözgüdine ýardam bermek maksady bilen döredilipdi.
Iki öňki Sowet respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar 1991-nji ýyldan bäri dartgynly bolupdy, şol döwürde Ermenistanyň harbylary halkara derejesinde Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilen Garabagy we onuň töweregindäki ýedi sebiti basyp aldy.
Bu sebitiň köp bölegi 2020-nji ýylyň güýzünde 44 günlük uruş wagtynda Azerbaýjan tarapyndan azat edilipdi, bu uruş Russiýanyň araçylyk eden parahatçylyk şertnamasy bilen tamamlanypdy we bu şertnama gatnaşyklary kadalaşdyrmak we serhetleri kesgitlemek boýunça gepleşiklere ýol açdy.
2023-nji ýylyň sentýabrynda sebitdäki separatist güýçleriň boýun egmegi bilen Azerbaýjan Garabagda doly özygtyýarlylygyny ýola goýupdy.
Mart aýynda Baku we Ýeriwan parahatçylyk şertnamasy boýunça ylalaşyga gelendiklerini aýtdylar, emma şondan bäri ýurtlaryň ikisem biri-birini serhetara hüjümler guramak bilen aýyplaýar.