Söwda ministri Ömer Bolat duşenbe güni beren beýannamasynda, Türkiýäniň eksportynyň maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 2,7 göterim ýokarlap 24,8 milliard dollara çenli baryp ýetendigini mälim etdi.
Ministr Bolat Stambulda beren beýannamasynda “Eksportymyz bäsleşiklere garamazdan ýokarlaýar” diýdi.
Aýlyk taýdan seredilende aprel aýynda eksport 19,4 göterim artyp 20,8milliard dollara barabar bolupdy, import bolsa 2,1 göterim artyp 31,3 milliard dollara ýetdi.
Türkiýäniň daşary söwda defisiti geçen aý 46 göterim azalyp 6,5 milliard dollara çenli aşaklady.
2025-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda eksport geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 3,5 göterim artyp 110,9 milliad dollara barabar boldy, import bolsa 5,7 göterim ýokarlap 152 milliard dollara ýetdi.
Soňky 12 aýda eksport 1,9 göterim artyp 265,5 milliard dollar bilen iň ýokary çägine ýetdi. Import bolsa 1,4 göterim artyp 352,2 milliard dollara barabar boldy.
Germaniýa maý aýynda Türkiýäniň eksportunda 8,3 göterim bilen birinji orny eýeledi.
Eksport sanawynda Britaniýa 6,2 göterim bilen ikinji ABŞ 6 göterim bilen üçünji, Italiýa bolsa 5 göterim bilen dördünji orny eýeledi.