DÜNÝÄ
1 minut okamak
Meksikanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gämi meşhur Bruklin köprüsine kakdy
Meksikanyň Harby-deňiz güýçleriniň türgenleşik gämisiniň Nýu-Ýork şäherindäki Bruklin köprüsüne kakmagy sebäpli 2 adam ýogaldy, 19 adam ýaralandy.
Meksikanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli gämi meşhur Bruklin köprüsine kakdy
vor 13 Stunden

Ýolbaşçylaryň berýän maglumatyna görä şenbe güni ýary gije Meksikanyň Harby-deňiz güýçleriniň türgenleşik gämisiniň Bruklin köprüsüne kakmagy sebäpli 2 adam ýogaldy, 19 adam ýaralandy.

Wideo ýazgylarda Nýu-Ýork şäheriniň Bruklin we Manhattdan sebitlerini birleşdirýän köprüniň aşagyndan geçip berýarka köprä kakandygy görülýär.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams ýekşenbe güni beren beýannamasynda wakada 2 adamyň ýogalandygyny we 19 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

1883-nji ýylda gurlan köpri, Manhattan bilen Brukliniň arasyndaky esasy ýollardan biri.

Bruklin köprüsi şol bir wagtda esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri hökmünde bilinýär.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us