Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Kiýewiň uçarmansyz howa ulaglary we raketa önümçiligini artdyrýandygyny we rus hüjümlerine “simmetrik” jogap berjekdigini aýtdy.
“Biziň gün tertibimizde hereketlerimizi meýilleşdirmegi, rus hüjümlerine garşy jogap bermek taýýarlygy we öňüni alyş çäreleri görmegi bardy” diýip aýdan Zelenskiý, sişenbe güni ýokary derejeli harby resmiler bilen geçiren giňeldilen maslahatdan soň beren beýanatynda, Ukrainanyň ýerli uçarmansyz we uzak aralykly mümkinçilikleirni giňeltjekdigini habar berdi.
Zelenskiý Ýewropa ýurtlary bilen täze şertnamalaryň taýýarlanýandygyny we bu şertnamalaryň ukrain önümçiligine, esasanam uçarmansyz howa ulaglary we uzak aralyga ýarag öndürmek üçin maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendigini aýtdy.
"Biziň perspektiwamyz Russiýadan abanýan ähli howplara simmetrik jogap bermek" diýip aýdan Zelenskiý, "Russiýadakylar Ukraina garşy eden işleriniň netijelerini duýmalydyrlar we olar muny duýarlar" diýip nygtady.
Russiýa Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň hüjümlerini yzyna serpikdirdi
Russiýanyň Goranmak ministrligi çarşenbe güni irden üç sagadyň dowamynda esasan merkezi we günorta sebitlerde 112 ukrain uçarmansyz howa ulagynyň ýok edilendigini ýa-da täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin Russiýanyň paýtagtyna tarap barýarka alty sany ukrain uçarmansyz howa ulagynyň yzyna serpikdirilendigini we halas ediş toparlarynyň ýerdäki galyndylary gözden geçirýändigini aýtdy.
Kiýewiň we onuň günbatar ýaranlarynyň 30 günlük şertsiz ýaraşyk teklibini ret eden Moskwa, anna güni agşamyndan duşenbe güni irden çenli ýüzlerçe uçarmansyz howa ulagy bilen Ukraina hüjüm gurady.