SYÝASAT
3 minut okamak
Eýran howpsuzlyk günäkärlemeleri sebäpli uzak wagtlap tussaglykda saklanan fransuz raýatyny boşatdy
Pariž Eýranda takmynan 900 gün tussaglykda saklanan Oliwýe Grondonyň boşadylmagyna kanagatlanma bildirip, tussaglykda saklanýan ýene-de iki fransuz raýatynyň boşladulmagy üçin çagyryş etdi.
Eýran howpsuzlyk günäkärlemeleri sebäpli uzak wagtlap tussaglykda saklanan fransuz raýatyny boşatdy
March 21, 2025

Eýran häkimiýetleri fransuz raýaty Oliwýe Grondony boşatdy, ol 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri howpsuzlyk günäkärlemeleri sebäpli tussaglykda saklanýardy. Bu habary Fransiýanyň Emmanuel Makron penşenbe güni mälim etdi.

34 ýaşly Grondo "azat we öz ýakynlarynyň ýanynda" diýip, Makron X platformasy arkaly beren habarnamasynda ýazdy. Ol "Eýranda henizem tussaglykda saklanýan iki fransuz raýatynyň boşadylmagy üçin tagallalaryny gowşamaýandygyny" hem belledi. Resmi Pariž bu ýagdaýy döwlet tarapyndan girew almak hökmünde görýär.

Eliseý köşgüne we AFP-ä beyanat beren diplomatik çeşmäniň mälim etmegine görä Grondo duşenbe agşamy Fransiýa dolandy. Onuň boşadylmagynyň şertleri barada goşmaça maglumat berilmedi.

Montpellier şäherinden bolan Grondo häzirki wagtda keselhanada saglyk barlaglaryndan geçýär. Hökümet gullukçysynyň AFP-ä beren maglumatyna görä ol soňky aýlarda, esasan hem psihologik taýdan örän ejizläpdir.

"Oliwýeniň yzyna dolanmagy uly şatlyk, sebäbi ol ähli aýyplamalardan günäsiz we mydama biziň aramyzda bolmaly" diýip, onuň fransuz aklawçysy Şirin Ardakani AFP-ä beren beýannamasynda mälim etdi.

“Girew”

Günbatar ýurtlary Eýrany ençeme ýyllap öz raýatlaryny toslama günäkärlemeler bilen tussag edip, olary gepleşiklerden peýdalanmak üçin girewine saklap gelýär.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Noel Barrot Oliwýeniň uçarda ýylgyryp duran suratyny paýlaşdy. "Eýranda 887 gün girewde saklanan Oliwýe maşgalasyna, ýakynlaryna we ýurduna gowuşdy. Bu uly ýeňillik" diýip, Barrot X platformasy arkaly beýan etdi.

 35 ýaşyny geljek hepde doldurjak Grondo 2022-nji ýylyň oktýabrynda Eýranyň günortasyndaky Şiraz şäherinde tussag edilip, "Yslam respublikasyna garşy dildüwşük" günäkärlemesi bilen bäş ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Onuň maşgalasy bu aýyplamalary ret edip, Oliwýeniň pars poeziýasyna aşyk syýahatçy bolup, dünýä edýän syýahatnyň çäklerinde Eýrana syýahatçy wizasy bilen barandygyny aýdýar.

Fransiýa Eýranda tussag edilen raýatlaryny "döwlet girewleri" diýip atlandyrýar we olaryň ähli aýyplamalarda günäsizdigini öňe sürýär.

Ýene-de iki fransuz tussaglykda

Üstümizdäki ýylyň başyna çenli Grondo diňe ady bilen tanalýardy, emma onuň doly şahsyýeti maşgalasy tarapyndan ýanwar aýynda mälim edildi.

Grondo şol döwürde fransuz metbugatynda ýaýradylan ses ýazgysynda özüniň we Eýranda tussaglykda saklanýan beýleki iki fransuz raýatynyň "güýç-kuwwatynyň" galmandygyny we "sabyrlarynyň gutarandygyny" beýan edipdi.

Eýranda tussaglykda saklanýan beýleki iki fransuz raýatynyň saglyk ýagdaýy barada aladalar artýar. Kohleriň maşgalasy olar boşadylmasa, ölüme sezewar bolma howpunyň bardygyny duýdurýar.

"Sesil Kohler we Žak Pariž Eýranyň tussaghanalaryndan boşadylmaly" diýip, Makron öz beýanatynda nygtady.

Kohlere hem wekilçilik edýän Ardakani Eýranda henizem tussaglykda saklanýan iki fransuz raýatynyň boşadylmagy üçin tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

"Kohler henizem Ewin türmesiniň 209-njy bölüminde tussaglykda saklanýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Kohler diňe 8 inedördül metr ölçegli penjiresiz kamerada "yzygiderli wideo gözegçilik astynda" saklanýar we ýere ýatmaga mejburdygyny beýan etdi.

Olar "haýal ölüme sezewar edilýär" diýip, Sesiliň uýasy Noemi Kohler mart aýynyň başynda beren beýanatynda mälim edipdi. Eýranda 2022-nji ýylyň sentýabryndan bäri tussaglykda saklanan başga bir fransuz raýaty Lýui Arno 2024-nji ýylyň iýun aýynda boşadylypdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us