Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Gaagadaky goranyş blogy sammitine gitmezden ozal çykyş edip, NATO ýaranlarynyň goranyş önümleri söwdasyndaky çäklendirmelerini hökman aýyrmaklarynyň zerurdygyny habar berdi.
Türkiyäniň Prezidenti şeýle hem, Ankaranyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy we Türkiyäniň 2026-njy ýylda alýans sammitini geçirmek isleýändigini mälim etdi. Stambul maslahatyndan soň täze diplomatik başlangyçlaryň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan, Eýran bilen Ysraýylyň arasynda bolup geçen soňky ýaraşyk üçin minnetdarlygyny bildirdi, şol bir wagtyň özünde global güýçleri dowam edýän dartgynlygy azaltmak üçin tiz hereket etmäge çagyrdy.
Erdogan: “Sebitimiz täsiri bütin dünýäde duýuljak bir urşuň ýüküni göterip bilmez. Diplomatiýa pursat bermek iň dogry çemeleşme bolar. Ysraýylyň Palestina bilen başlaýan Liwana, Siriýa, Ýemene we ahyrynda Eýrana uzan biperwaý ädimleri aslda kabul edilmez” diýip belledi.
Türkiyäniň halkara hukugyny berjaý edýän diplomatiýany ileri tutýan prinsipial çemeleşmesini tutanýerli dowam etdirjekdigini aýdan Erdogan, şeýle hem Ysraýylyň Gazadaky genosid söweşini ýazgardy we "Gazada gysga wagtda hemişelik ýaraşyk baglaşylmaly, Ysraýyl hüjümleri bes edilmeli we ynsanperwer kömeginiň üznüksiz berilmegi üçin ýol açylmaly" diýdi.
Türk resmiler diplomatik kanallary güýçlendirmek maksady bilen, Erdoganyň sammitiň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen sagat 20:30-da duşuşmagy meýilleşdirýändigini habar berdiler.