DÜNÝÄ
3 minut okamak
Tramp Amerika garşy BRICS-i goldaýan ýurtlara goşmaça salgyt girizmek bilen hemle atdy
BRICS-e agza ýurtlar, ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň bir taraplaýyn salgyt howpuna garşy çykýar.
Tramp Amerika garşy BRICS-i goldaýan ýurtlara goşmaça salgyt girizmek bilen hemle atdy
6 orë më parë

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, BRICS-e agza ýurtlaryň “anti-Amerika” syýasatlaryna goldaw berýän ýurtlara goşmaça 10 göterimlik salgydyň goýuljakdygyny aýtdy.

Tramp, ýekşenbe güni Truth Sosial arkaly beren habarnamasynda “Bu syýasatda haýsydyr bir ýurda egilşik edilmez” diýdi.

Tramp başga bir habarnamasynda bolsa, ABŞ-nyň dürli ýurtlar bilen bolan salgyt hatlarynyň ýada ylalaşyklarynyň 7-nji iýulda duşenbe güni sagat 16-00-dan başlap gowşurylmaga başlanjakdygyny aýtdy.

Tramp ýanwar aýynyň ahyrynda beren beýannamasynda  “BRICS-e agza ýurtlaryň halkara söwdada ýada başga bir ugur boýunça amerikan dollarynyň ýerini almagy mümkin däl” diýipdi.

Tramp “Biz bu duşman ýurtlardan, BRICS-iň pul birligini çykarmazlygyny ýada hümmeti güýçli bolan amerikan dollarynyň ýerine başga pul birligine goldaw bermezliklerini talap ederis. Şeýle bolman halatynda %100  gümrük salgydy goýlar” diýdi

BRICS-e agza ýurtlar soňky ýyllarda dollardan çetleşmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar we ABŞ-nyň 2022-nji ýylda Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Russiýa goýan sanksiýalaryndan soň mesele gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär.

Tramp ýekşenbe güni BRICS-e agza ýurtlaryň liderleriniň we wekilleriniň 17 ýyllygyna bagyşanlanan sammitine gatnaşmak üçin Rio de Žaneýroda bir ýere jemlenişen pursatlarynda möhüm beýannama berdi.

BRICS-e agza ýurtlar Trampyň salgytlaryna garşy durýar

Gurama agza ýurtlaryň liderleri ýekşenbe güni geçirlen sammitde Trampyň import salgytlaryny we Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýrana guran hüjümlerini tankyt etdi.

Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikaly ýaly 11 ýurdy öz içine alýan gurama dünýäniň ilatynyň ýarysyny we global ykdysadyýetde önümçiligiň 40 göterimini emele getirýär.

Sammitiň jemleýji jarnamasynda, BRICS-e agza ýurtlar “bir taraplaýyn salgyt” çäreleriniň artmagyna alada bildirýändiklerine we şol salgytlaryň global ykdysadyýete zeper ýetirýändigine ünsi çekdi.

Eýrana guralýan hüjümler ýazgaryldy

Gurama agza ýurtlar Ysraýyl we ABŞ tarapyndan Eýranyň ýadro desgalaryna we harby merkezlerine guralan hüjümleri ýazgardy we Eýrana goldaw berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, aprel aýynda hyzmatdaşlaryna we bäsdeşlerine goşmaça gümrük salgytlaryny girizmek bilen hemle atypdy. Bu sözleriniň halkara bazarlara ýaramaz täsirini ýetirendigini sebäpli kararynyň ýerine ýetirlişini birnäçe aý yza süýşüripdi.

Tramp, ýaranlaryna 1-nji awgusta çenli ylalaşyk gazanylman halatynda bir taraply ýagdaýda salgytlaryň giriziljekdigi dogrusynda duýduryş beripdi.

Sammitiň jemleýji jarnamasynda Braziliýa, Hindistan we Saud Arabystany ýaly ABŞ-nyň ýaranlaryna hormat goýmak maksady bilen ABŞ-nyn ýada onuň prezidentiniň ady agzalmady.

Gurama agza ýurtlar Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň iki döwletli çözgüde laýyklykda bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpiniň 12 ýyllyk prezidentligi döwründe ilkinji gezek sammite gatnaşmazlygy ünsleri özüne çekdi.

Hytaýyň lideriniň sammite gatnaşmazlygynyň sammitiň syýasy täsirine zeper ýetirjekdigi nygtaldy.

Hytaýly lider bilen birlikde Ukraina harby harby jenaýat etmekde günäkärlenýän Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin hem sammite wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Putin kärdeşlerine BRICS-iň halkara derejesinde uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us