ABŞ-nyň Demokrat partiýasynyň deputatlary Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümede, Russiýa tarapyndan “alynyp gaçylan” müňlerçe ukrainaly çagalara gözegçilik edilmegine kömek berjek taslamany ýaňadandan başlatmagy we hukuk bozulmalary boýunça jogapkär bolanlary jezalandyrmak üçin sanksiýalary ulanmagy talap edýärler.
Deputatlar Respublikan partiýasyndan bolan prezidentiň ABŞ-nyň hökümetiniň giň gerimli programmalaryny we daşary ýurt kömeklerini azaltmak bilen, Ýale Uniwersitetiniň Ynsanperwer Barlag Laboratoriýasy (Yale HRL) tarapyndan alnyp barylýan we ukrain çagalarynyň köpçülikleýin deportasiýasyny yzarlamaga gönükdirilen hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän başlangyjy bes edendigini habar berdiler.
Bu karar, alymlaryň takmynan 30000 ukrain çagalarynyň Russiýa alnyp gidilmegi bilen baglanyşykly maglumatlara, şol sanda emeli hemra suratlaryna we beýleki maglumatlara elýeterliliginden mahrum galmak manysyna gelýär.
Ogaýo ştatynyň wekili Greg Landsmanyň ýolbaşçylyk etmegindäki Demokrat partiýasynyň deputatlary, sişenbe güni Reuters tarapyndan görülen we çarşenbe güni ýurduň Döwlet sekretart Marko Rubio we Gazna ministri Skott Bessente ugradylmagy meýilleşdirilen hatda: "Maglumatlaryň hemişelik pozulandygyny çaklamaga esasymyz bar. Eger bu dogry bolsa, bu ýagdaý agyr netijelere sebäp bolar" diýip aýdylýar.
Trampyň programmany bes edendigi bilen bagly maglumatlar we hat ilkinji gezek “Washington Post” gazedinde habar berildi. Ol, Trumpyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolan güni we Russiýanyň 30 günlük ýaraşyk şertnamasyny kabul etmekden ýüz öwüren güni aýan edildi.
Döwlet we Gazna ministrlikleri teswir talabyna şol bada jogap bermediler. Gözegçilik programmasyndan habardar bir adam, Ýale HRL bilen baglaşylan Döwlet sekretarlygy şertnamasynyň ýatyrylmagynyň Putini gorajak 26 million dollarlyk uruş jenaýat subutnamalarynyň ýok edilmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
“Agyr, aç-açan kabul edilen düzgün bozmalar”
Wekiller mejlisiniň agzalarynyň haty, Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümete, çagalaryň daşalmagynda jogapkär bolan Russiýadaky we ýarany Belarussiýadaky resmileri jezalandyrmak üçin sanksiýalar girizlmegi barada çagyryş berilýär.
Hatda: "Halkara hukugyna laýyklykda çagalaryň hukuklarynyň gödek bozulmagy bilen bagly bu agyr, aç-açan kabul edilen düzgün bozmalaryň netijeler bolmaly" diýilýär.
Hatda Ýale HRL-niň ogurlanan çagalaryň hereketlerini yzarlamak üçin zerur bolan emeli hemra materiallaryna elýeterliliginiň ýokdugy hem aýdylýar.
Deputatlaryň hatynda: “Hökümedimiz şol çagalary halas etmek maksadynyň çäginde – Ukraina ýarag ýa-da nagt geçirmegi zerur bolmaýan-ýönekeý hyzmat bilen üpjün edýär. Ukrainanyň şol çagalary öýlerine gaýdyp barmaklaryna kömek bermek üçin işlerimizi iň tiz wagtda dowam etdirmelidiris” diýilýär.
Ukraina, on müňlerçe çaganyň Russiýa ýa-da Russiýanyň basyp alan territoriýasyna maşgalasynyň ýa-da hossarlarynyň razyçylygy bolmazdan alnyp gidilmegini, BMG-niň genosid baradaky şertnamasynyň kesgitlemesine laýyk gelýän uruş jenaýaty diýip häsýetlendirdi.
Russiýa bolsa, adamlary meýletin ewakuasiýa edendigini we goragsyz çagalary uruş zolagyndan goramak üçin hereket edendigini beýan etdi.
2023-nji ýylyň mart aýynda Halkara Jenaýat Kazyýeti, ukrain çagalarynyň ogurlanmagy bilen baglylykda, Lwowa-Belowa we Putiniň tussag edilmegi üçin karar çykardy. Russiýa bu kararlary "aýylganç we kabul ederliksiz" diýip häsýetlendirdi.
Ýewropanyň jenaýat hyzmatdaşlygy agentligi Eurojust-yň metbugat sekretary, sişenbe güni Waşingtonyň Ukrainadaky agressiýanyň jenaýatlaryny derňemek boýunça Halkara merkezi goldamagyny bes edýändigini habar berendigini aýtdy. Bu merkez, Putini we beýlekileri jogapkärçilige çekmek üçin subutnamalary jemleýärdi.
Eurojustdaky ABŞ-nyň ýörite prokurory Jessika Kim, maliýeleşdirmegiň bes edilmegine baglylykda wezipeden çekiler.