Eýranyň we ABŞ-nyň wekiliýetleri Rimde ýadro gepleşikleriniň bäşinji tapgyryny geçirmek üçin taýarlyk görýär. Gepleşiklerde urany kämilleşdirmek meselesi ünsleri özüne çekýär.
ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp, Tähranyň kyn ýagdaýdaky ykdysadyýetine goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi üçin Eýranyň urany kämilleşdirmekden ýüz öwürmegini isleýär.
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Erakçi şu gün irden beren beýannamasynda “urany kämilleşdirmegiň bes edilmegi diýmek, ylalaşyk gazanylmady diýmekdir”diýdi.
Erakçy X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ylalaşyk gazanmak beýle aňsat däl” diýdi.
Ýadro gepleşiklerinde ABŞ-nyň wekiliýetine Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stew Witkoff bilen Döwlet Sekretarlygynyň syýasat meýilleşdiriş toparynyň başlygy Mişel Anton ýolbaşçylyk edýär.
Ýolbaşçylar gepleşikleriň geçiriljek ýeri hakynda doly maglumat bermedi.
Gepleşikleriň dördünji tapgyry Omanyň Rimdäki ilçihanasynda geçirlipdi.
Omanyň Daşary işler ministri Badr Al Busaidi gepleşiklere töwellaçylyk edýär.
Uranyň kämilleşdirilmegi meselesi gepleşikleriň özenini emele getirýär. Gepleşikler ABŞ-nyň Eýrana goýan we ýarym asyrlyk duşmançylygy ortada aýyrjak ykdysady sanksiýalaryň bir böleginiň ortadan aýrylmagynyň öwezinde Eýranyň ýadro meýilnamasyny çäklendirmegini maksat edinýär.
Tramp, ylalaşyk gazanylman halatynda Eýranyň ýadro meýilnamasyna degişli ýerlere howa hüjümini guramak bilen hemle atýar.
Eýranly ýolbşaçylar bolsa ýadro ýaragyny öndürmek üçin urany kämilleşdiriş işlerini dowam etdirjekdiklerini nygtaýar.
Ýörite çäreler
Urany kämilleşdirmek meselesi gepleşiklerde esasy mesele bolup durýar.
Witkoff Eýranyň ilki urany 3,67 göterime çenli kämilleşdirip biljekdigini öňe sürüpdi. Emma soň Eýranyň urany kämilleşdiriş işlerini dolugyna bes etmeginiň gerekdigini nygtady. ABŞ bu mesele boýunça berk tutum alyp barmaga başlady.
Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Temmş Brýus, gepleşikler hakynda beren beýannamasynda “Gepleşiklerde öňe gidişlik edilmegine garaşýarys” diýdi.