DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran Ysraýyla garşy guraýan hüjümlerinde täze ulgamlar ulanýar
Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşuny, bu operasiýanyň “Sionist duşman bilen amerikalylaryň Eýran hakyndaky meýilnamalarynyň dolulygyna ýalňyşdygyny görkezdi” diýdi.
Eýran Ysraýyla garşy guraýan hüjümlerinde täze ulgamlar ulanýar
8 hours ago

Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşuny, duşenbe güni 8-nji operasiýa tolkunynda Ysraýylyň goranyş ulgamlaryny bozmak üçin täze ulgamlaryň ulanylandygyny mälim etdi.

Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşuny, “öňkülerden has güýçli” hökmünde häsiýetlendirlen enjamlaryň Ysraýylyň goranyş ulgamlaryna uly zeper ýetirendigini aýan etdi.

Mesele hakynda Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşunyndan berlen beýannamada, “Şeýlelikde duşmanyň köp gatly goranyş ulgamlary bozuldy we ulgamyň goranyş ulgamlary biri-birini nyşana aldy” diýildi.

Beýannamada, ABŞ-nyň we Günbataryň berýän güýçli goldawyna garamazdan Ysraýylyň goranyş tehnalogiýalaryna uly zarba urlandygy bellenildi.

Eýran bu operasiýany hüjümde ýogalan serkerdeleriň beren wadalarynyň ýerine ýetirilmegi maksady bilen guralandygyny mälim etdi we “Sionist duşman bilen amerikalylaryň Eýran hakyndaky meýilnamalarynyň dolulygyna ýalňyşdygyny görkezdi” diýildi.

Şu gün irden guralan hüjümler, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň anna güni ir ertir Eýranyň ýadro desgalaryna we harby merkezlerine guran, ýokary derejeli serkerdeler we alymlar bilen birlikde onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolmagyndan soň başlan çaknyşygy has-da möwjetdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us