Prezident R. T. Erdogan şenbe güni beren beýannamasynda Türkiýäniň Gara deňizde 75 milliard kub meterlik täze tebigy gaz käniniň tapylandygyny mälim etdi.
Prezident Erdogan, Stambulda Fiziki terapiýa we Reabilitasiýa ylmy barlag hassahanasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Gara deňizde 75 milliard kub metrlik täze tebigy gaz käni tapyldy. Şol mukdar 3,5 ýylyň dowamynda ýaşaýjyş jaýlaryny tebigy gaz bilen üpjün edip biler” diýdi.
Prezident Erdogan “7-nji nesil Abdulhamid Han burawgämisi 27-nji martda Gara deňizde Gökçe-3 guýusynda burawlaýyş işlerine başlady. Buraw gämisi öz işini üstünlikli ýagdaýda tamamlady” diýip belledi.
Ankaranyň energiýa garaşsyzlygy boýunça ygrarlydygyny aýdan Erdogan, “Biz energiýa taýdan doly garaşsyz Türkiýe maksadyna ýetýänçäk arman-ýadaman ähli bökdençiliklere garamazdan ýolumyza dowam ederis” diýdi.
Energiýa garaşsyzlygyna tarap
Türkiýe, soňky ýyllarda Gara deňizde 710 milliard kub metrlik tebigy gaz käniniň tapylandygyny mälim edipdi. Häzirki wagtda ýurduň içerki gaz önümçiligi, tebigy gaza bolan talabyň 7-8 göterimini kanagatlandyrýar. Bu hem energiýa garaşsyzlygyna tarap aýgytly ädim bolup, importdan garaşlylygy azaltmaga ýardam berýär.
Mundan başgada üstümizdäki aýda iki sany uly LNG şertnamasyny baglaşyp, energiýanyň gelejegini üpjün etmek bilen birlikde sebitara energiýa merkezine öwrülmek maksadyna itergi berýär.