SYÝASAT
3 minut okamak
Ysraýylyň Eýrana guran howa hüjümi hakynda nämeleri bilmeli?
Ysraýylyň howa zarbalary esasy ýadro we harby desgalaryny bombalady. Hüjümde ýokary derejeli serkerdeler we alymlar öldürildi. Bu hüjüm ýadro gepleşikleriniň bökdelmegi we dartgynlygyň
Ysraýylyň Eýrana guran howa hüjümi hakynda nämeleri bilmeli?
Ysraýylyň Eýrana guran howa hüjümi hakynda nämeleri bilmeli? / AP
hace un día

Ysraýyl Eýrana garşy esli wagtdan bäri gizlin dowam etdiren söweşini açyk çaknyşyga öwürip, sebitdäki şertleri howply urşa alyp barjak hüjümiň başyny başlatdy. Anna agşamy guralan hüjümler paýtagt Tähranda uly partlamalaryň bolmagna sebäp boldy. Eýranyň döwlet mediasy bolsa Ynkylap goragçylarynyň goşunynyn serkerdesi bilen azyndan 4 sany ýokary derejeli ýadro maksatnamasy boýunça alymyň ölendigini habar berdi.

Ysraýylyň hüjümi Eýranyň ýokary depginde dowam edýän ýadro maskatnamasyna garşy güýçlenýän howp hökmünde kabul edýär. Trampyň adminstrasiýasy ykdysady sanksiýalaryň bes edilmeginiň öwezinde Eýranyň urany gaýtadan işlemegi çäklendirmek üçin gepleşikleri gaýtadan başlatdypdy. Emma ABŞ-nyň we Eýranyň diplomatlarynyn arasyndaky aýlawly gepleşikler çykgynsyzlaşdy. Bu hüjüm sebitde täze we durnuksyz günleriň başlamagyna sebäp boldy.

Eýsem biz nämeleri bilýäris?

Ysraýyl ýadro desgalaryny bombalady, Ynkylap goragçylarynyň lideri öldi. Ysraýylyň liderleri hüjümiň Eýranyň atom bombasyny öndürmeginiň öňüni almak üçin guralandygyny beýan etdiler. Eranyň urany gaýtadan işleme maksatnamasy, ýarag önümçiligine iň ýakyn we tehniki taýdan daş bolmadyk aralykda. Eýran uzak ýyllardan bäri maksatnamanyň parahatçylykly maksatlara esaslanýandygyny beýan edip gelýär we ABŞ-nyň howpsuzlyk gullugy Eýranyň ýarag öndürmeýandigini beýan edýär.

Ysraýylyň Permýer-ministri Binýamin Netanýahu harby hüjümler hakyndaky ýüzlenmesinde Eýranyň Natanz ýadro desgasyny we esasy alymlaryny nyşana alandyklaryny beýan etdi.

Ysraýyl şeýle hem Eýranyň ballistiki raketa ammaryny bombalady. Eýranyň döwlet teleýaýlymy Ynkylap goragçylarynyň serkerdesi general Hossein Salaminiň öldürilendigini we Tähranda güýçli partmalaryň eşidilendigini habar berdi. Döwlet teleýaýlymy paýtagtda köp sanly binanyň ýykylan diwarlaryny, ýanýan üçeklerini we döwülen aýnalaryny görkezdi.

Partlamada Ynkylap goragçylarynyň ştab kwartirasynyň oda berilendigi mälim edildi.

Ysraýyl howa giňişligini ýapdy

Ar alyş hüjümine gaýtawul görkezmek üçin taýýarlyk görýän Ysraýyl, howa giňişligini ýapandygyny habar berdi we ýurduň serhetlerini goramak üçin onlarça müň esgeri gulluga çagyrandygyny beýan etdi. Netanýahu anna güni beren beýannamasynda Eýran, öňüni alynman halatynda “gysga möhletde ýadro ýaragyny öndürip biljekdigini” öňe sürdi. Emma Eýran hakykatdan hem ýadro ýaragyny öndürmek islände-de, onuň üçin birnäçe aý gerek bolar. Şeýle hem raketalaryň ujuna ornaşdyrylýan kiçi atom bombasyny öndürme ukybynyň bardygy hem delillendirilip bilinmedi. Eýranly resmiler bolsa ýadro ýaragyny öndürjekdiklerini aç-açan beýan edýärler.

Ýadro ýaraglary we dartgynlygyn möwç almagy

Eýranyň ýadro maksatnamasynyň ýokary depginde dowam etmegi we köp mukdarda gaýtadan işlenen uran atiýajy dartgynlygy artdyrýar. Ol, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 2018-nji ýylda birtaraply ýagdaýda Eýranyň 2015-nji ýylda kabul edilen ylalaşygyndan çekilmeginden soň geçen ýedi ýylyň dowamynda hasam artdy. Atom energiýasy guramasy ýadro ýaragyny öndürilmeginiň öňüni almak boýunça kepilliklerini berjaý etmändigi üçin Eýrany 20 ýyl soň ýene-de bir gezek ýazgardy.

Eýran bolsa ozal habar berilmedik urany gaýtadan işleýän desgany açjakdygyny we ýadro ýaragyndan peýdalanylýan 90 göterime barabar ýeňillik bilen işlenmäge taýýar, 60 göterim ýokary derejede işlenen uran önümçiliginiň depginini güýçlendirjekdigini habar berdi.

Eýranyň urany gaýtadan işleýän iki sany esasy desgasy bar. Yspyhan welaýatyndaky Natanz we şaýylaryň mukaddes şäheri Gumyň golaýyndaky Fordow. İkisi hem howa hüjümlerinden goranmak üçin dizaýn edilipdir.

Natanz Eýranyň Merkezi platosynda ýeriň aşagynda gurlan we Ysraýylyň sabbotaž hüžümleri hem-de Stuxnet wirusy ýaly hüjümler bilen birnäçe gezek nyşana alynyp, Eýranyň santrifugalaryny hatardan çykarypdy.

Frodw bolsa daglaryň jümmüşinde ýerleşýär we howa goranyş batareýalary bilen goralýar. Ol ýerde-de santrifuga basgançaklary bar, emma Natanz ýaly uly desga däl.

 Tramp Netanýaha duýduryş berdi

İki desga hem Trampyň adminstrasiýasynyň Tähran bilen täze ýadro ylalaşygynyň gazanylmagy üçin geçirýän gepleşikleriniň merkezinde durýardy. Tramp diplomatik gepleşikler dowam edýärkä Netanýaha Eýranyň ýadro desgalaryna hüjüm guramazlygy üçin duýduryş berendigini aýtdy. ABŞ-nyň ýörite wekili Sitw Witkoffyň Omanda aýranly kärdeşleri bilen ýekşenbe güni başlajak altynjy gepleşik tapgyrynyň geçirilmegine garaşylýardy. Gepleşikleriň dowam edip etmejekdigini näbelli.

Hüjümlerden birnaçe sagat soň Eýranyň Ruhany Lideri Aýatulla Ali Hamaneý Ysraýylyň “agyr jeza” sezewar boljakdygyny beýan etdi. Hamaneý; “Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleriniň kuwwatly eli, bu hüjümleri jezasyz goýmaz” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us