ÝB-niň resmilerinden biri Bileleşigiň (ÝB) Tel-Awiw bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenmegi sebäpli Eýrandan raýatlaryny ewakuasiýa etmekde Türkiýäniň uly goldawyny alandygyny aýtdy.
Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň (EEAS) Krizislere garşy göreşmerkeziň direktory Kristian Berger Türkiýäniň gury ýer serhetlerinden geçişi we soňky syýahatlary üpjün etmekdäki goldawyna kanagatlanma bildirdi. Kristian Berger Brýusselde žurnalistlere beren beýannamasynda: "Türkiýäniň häkimiýetlerinden uly goldaw aldyk, bu adamlaryň aňsatlyk bilen serhetden geçmegini we ýurduň gündogaryndan halkara howa menziline baglanyşykly uçuşlary üpjün etmäge mümkinçilik döretdi" diýdi.
Berger Tähranda ÝB-niň wekilhanasynyň ýoklugy sebäpli, bileleşigiň käbir çäklendirmelere sezewar bolandygyny we häzirki wagtda ÝB-niň wagtlaýyn ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Polşanyň utgaşdyrmalaryna bil baglaýandygyny aýtdy. "Biz Eýranda kem-käs kynçylyk çekýäris, sebäbi Tähranda wekilhanamyz ýok" diýip, Berger beýan etdi.
Bergeriň bellemegine görä soňky üç günüň dowamynda birnäçe ewakuasiýa kerweni Türkiýä, Azerbaýjana, Ermenistana we Türkmenistana gury ýer serhetlerinden üstünlikli geçdi, emma ewakuasiýa edilenleriň takyk sany barada maglumat bermedi.