SYÝASAT
1 minut okamak
Litwadaky ruslar, ýygy-ýygydan ýurtlaryna syýahat eden halatynda ýaşaýyş rugsatnamasyny ýitirer
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine görä, Litwanyň Parlamenti, belarus raýatlaryna şol düzgüni girizmekden saklanýar.
Litwadaky ruslar, ýygy-ýygydan ýurtlaryna syýahat eden halatynda ýaşaýyş rugsatnamasyny ýitirer
/ AP
18 avril 2025

LRT tarapyndan berlen habara görä, Litwanyň Parlamenti penşenbe güni her üç aýda birden köp Russiýa ýada Belarusa syýahat eden rus raýatlarynyň ýaşaýyş rugsatnamasyň bes edilmegi barada kanun çykardy.

Emma parlament şol düzgüni belarus raýatlaryna girizmekden saklandy.

Habarda, Litwanyň razwetka gullugynyň, belarus raýatlarynyň ýurda girişleriniň çäklendirilmegi barada çagyryş berendigi, sebäbi täze gelenleriň ähli taraplaýyn barlanmagynyň mümkin däldigi ýatladyldy.

Litwa, 2023-nji ýylda kabul eden kanuny bilen, Daşary işler ministrliginiň rugsady bolmazdan rus we belarus raýatlaryndan Şengen we milli wiza ýüz tutmalaryny kabul etmegi bes edipdi.

Bu düzgünler bilen Litwa, Ukraina goldaw bermegi we hüjüm ediji ýurtlar bolan Russiýanyň we Belarusyň raýatlaryna berlen käbir hukuklaryň çäklendirilmegini maksat edinýär.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us