SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Türkiyede Putin we Zelenskiý bilen duşuşmaga taýýar
Ak Tamyň metbugat sekretary Trampyň "bu iki lideriň we iki tarapyň bilelikde bir stoluň başyna oturmagynyi" isleýändigini aýtdy.
Tramp Türkiyede Putin we Zelenskiý bilen duşuşmaga taýýar
3 juin 2025

Ak Tamdan berlen beýanatda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Kremliň gündogar Ýewropaly goňşusyna garşy uruşy bes etmek tagallalaryň çäginde rus we ukrainaly kardeşleri bilen duşuşyk geçirmäge taýýardygy habar berildi.

Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Liwitt duşenbe güni žurnalistlere beren beýanatynda:  “Prezident bu meselede açykdygyny aýtdy, emma ol iki lideriň we iki tarapyň hem bir stoluň başynda duşuşmagyny isleýär” diýip belledi.

Bu beýanatlar, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň duşenbe güni özüniň we üç ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sammit geçirmegi teklip etmeginden soň berildi.

Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň çykyş eden Erdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýni Stambulda ýa-da Ankarada duşuşdyrmagyň onuň “iň uly arzuwydygyny” aýtdy.

Russiýanyň we ukrain wekiliýetleriniň gepleşikleriň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin Stambula bir ýere jemlenen mahallary çykyş eden Erdogan, hatda Trampy şol adamlaryň ýanyna goşmagy arzuw edýändigini habar beripdi.

Prezident Erdogan: “Bu hakykatdan-da ajaýyp duşuşyk boldy. Bu duşuşygyň netijesinde, ozal tussag çalşyklary bolup geçendigine garamazdan, bu gezek tussag çalşyklarynyň sany bir müňden geçdi. Bir müňden geçmek bilen birlikde, Russiýa we Ukraina tarapyndan tussag çalşygyndan daşary käbir jesetleriň hem yzyna gaýdyp gelmegi boldy. Bu sanlar hem örän uly. Biz muňa hakykatdan-da buýsanýarys” diýip belledi.

Erdogan liderleriň Türkiyede duşuşyk geçiren halatlarynda olar bilen duşuşyk geçirjekdigini we şeýlelik bilen Stambulyň parahatçylyk merkezi ýagdaýyna öwrülmegini isleýändigini beýan etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us