SYÝASAT
2 minut okamak
Germaniýa we ýaran ýurtlar Ukraina uzak aralykly raketalara goýan çäklendirmelerini aýyrýarlar
Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mers ýaranlaryň ýarag aralygy çäklendirmeleriň ortadan aýrylmagyndan soň, Ukrainanyň indirus harby birikmeleirni nyşana alyp biljekdigini aýtdy.
Germaniýa we ýaran ýurtlar Ukraina uzak aralykly raketalara goýan çäklendirmelerini aýyrýarlar
27 мая 2025 г.

Germaniýanyň täze Federal kansleri öz ýurdunyň we beýleki esasy ýaranlarynyň Russiýa garşy uruşda Ukraina berilýän ýaraglara indi hiç hili çäklendirme girizmeýändigini aýtdy.

Takmynan üç hepde ozal Germaniýanyň täze lideri bolmagyndan soň Fridrih Mers ýaraşygy kepillik astyna almak we Günbataryň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirmek üçin diplomatik göçümler etmäge başlady.

Fridrih Mers duşenbe güni beren beýanatynda: “Ukraina berilýän goldawlar üçin iňlisler, fransuzlar, nemesler, amerikalylar tarapyndan hiç hili çäklendirme girizilmeýär” diýip belledi.

WDR döwlet telewideniýesi tarapyndan geçirlen forumda çykyş eden Mers: “Bu Ukrainanyň özüni goramak üçin, mysal üçin Russiýadaky harby bazalary nyşana alyp biljekdigi manysyna gelýär” diýip belläp, birnäçe wagt ozal onuň mümkin bolmandygyny, indi onuň mümkindigini beýan etdi.

Mers: "Biz muny tehniki nukdaýnazardan uzak aralyga ot  açmak diýip atlandyrýarys, ýagny Ukrainany frontyň arka tarapyndaky harby nyşanalara urup biljek ýaraglar bilen üpjün etmek" diýip belledi.

Mers bu mesele barada jikme-jik maglumat bermedi, ýöne geçen ýylyň ahyrynda uzak aralykly ýaraglara girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygy entek anyk däl.

Kreml: Örän howply

Mersiň beýanatlary barada beýannama beren Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, aralyk bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylmagy baradaky kararyň, “örän howply boljakdygyny” we “syýasy çözgüt tagallalaryna ters boljakdygyny” aýtdy.

Peskow: “Bu potensial kararlar hakykatda kabul edilen bolsa, syýasy çözgüt tapmak baradaky tagallalarymyza düýbünden ters bolar” diýdi.

Germaniýa ABŞ-dan soň Ukraina iň köp harby goldaw berýän 2-nji ýurt ýagdaýynda.

Taurus raketalary 500 km çenli aralyga eýedir.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us